Soňky habarlar

Arhiw

2014-nji ýyl türkmenistanly türgenler we janköýerler üçin näme bilen ýatda galdy?

13:4203.01.2015
0
14221

Aşgabat, 3-nji ýanwar.  «Türkmenportal».

Eýýäm taryhyň gatlaryna siňen 2014-nji ýyl türkmenistanly türgenler we janköýerler üçin şanly wakalara baý boldy. Şu gün olaryň has möhümleri hakda size gürrüň bereris.

Türkmenistanyň Prezidenti Soçide guralan XXII gyşky olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň hormatly myhmany boldy

2014-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Soçide guralan XXII gyşky olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Türkmen Lideriniň şeýle uly sport baýramçylygyna gatnaşmagy biziň ýurdumyzda sporty halkara derejesinde ösdürmäge döwlet derejesinde üns berilýändigini bütin äleme buşlady.

Gyşky olimpiýa oýunlary hem-de futbol boýunça dünýä çempionaty "Turkmenistan Sport" teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda görkezildi.

2014-nji ýyl türkmenistanly sport söýüjiler üçin ýatdagalyjy wakalara baý boldy. "Turkmenistan Sport" teleýaýlymy arkaly Soçide guralan XXII gyşky olimpiýa oýunlary hem-de Braziliýada guralan futbol boýunça dünýä çempionaty göni ýaýlymda alnyp görkezildi.

Turkmenistan ilkinji gezek windserfing boýunça dünýä kubogynyň tapgyryny kabul etdi

 “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Ýelken” ýaht-klubynda 2014-nji ýylyň 1-6-njy iýuny aralygynda windserfing boýunça dünýä kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen guralan bu bäsleşige dünýäniň 22 döwletinden türgenler gatnaşdy.

Awazada ilkinji gezek GDA döwletleriniň mekdep okuwçylarynyň medeni-sport festiwaly geçirildi

Sentýabr aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda GDA döwletleriniň mekdep okuwçylarynyň medeni-sport festiwaly geçirildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan guralan bu festiwalyň dowamynda mini-futbol, kenarýaka woleýboly, basketbol, küşt we stol tennisi boýunça bäsleşikler geçirildi. Bäsleşikleriň dowamynda türkmenistanly türgenler 2 altyn, 4 kümüş, 1 bürünç medal gazandylar.

HТТU – AFK-nyň Prezidentiniň kubogynyň eýesi

AFK-nyň Prezidentiniň kubogy ugrunda 2014-nji ýylda 11 klub bäsleşip, arzyly kuboga bassyr 2-nji gezek Türkmenistanyň çempiony mynasyp boldy. Aziýanyň klublaryň arasyndaky 3-nji derejeli ýaryşynyň Kolombada (Şri-Lanka) guralan finalynda HTTU topary KHDR-iň "Rimyongsu"  toparyny 2:1 hasabynda ýeňmegi başardy. 2013-nji ýyldaky ýaryşyň Malaýziýada guralan finalynda “Balkan” (Balkanabat) Pakistanyň KRL klubyndan 1:0 hasabynda üstün çykypdy. Bu ýaryş 2005-nji ýyldan bäri geçirilip, ol 2014-nji ýylda iň soňky gezek guraldy. Şeýlelikde, HTTU futbol kluby onuň iň soňky ýeňijisi hökmünde taryha girdi.

Türkmen futbolçysy Aziýanyň klublaryň arasyndaky ýaryşynyň iň köp tapawutlanan oýunçysy boldy

HTTU futbol klubynyň 20 ýaşly hüjümçisi Süleýman Muhadow türkmen futbolçylarynyň arasynda ilkinji bolup, AFK-nyň Prezidentiniň kubogynyň iň köp tapawutlanan oýunçysyna goýlan baýraga mynasyp boldy. Ol ýaryşyň final bölegindäki 3 oýunda 6 sapar tapawutlandy, şol sanda finalda öz toparyna ýeňiş getiren pökgini hem öz adyna ýazdyrdy. 

Inçhondaky ХVII tomusky Aziýa oýunlarynda 6 medal gazanyldy

ХVII tomusky Aziýa oýunlarynyň dowamynda türkmenistanly türgenler dürli görnüşli medallaryň 6-syny gazandylar. Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde 2014-nji ýylyň 19-njy sentýabryndan 4-nji oktýabry aralygynda Aziýanyň olimpiýa geňeşiniň baýdagy astynda guralan bu bäsleşige 45 döwletden 10 müňden gowrak türgen gatnaşdy. Olar sportuň 36 görnüşi boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Şol görnüşleriň 28-si Braziliýda geçiriljek olimpiýa oýunlarynyň maksatnamaysyna kabul edilen görnüşlerdir. Ildeşlerimiz grek-rim göreşi we erkin göreş, boks, dzýudo, agyr atletika, suwda ýüzmek, taekwondo (WTF), tennis, uşu, woleýbol, welosport (şosse) we karate boýunça guralan ýaryşlarda çykyş etdiler.

Phuketde guralan IV kenarýaka Aziýa oýunlarynda 11 medal gazanyldy

IV kenarýaka Aziýa oýunlaryndan türkmenistanly türgenler 11 medal (1 altyn, 3 kümüş, 7 bürünç) bilen gaýdyp geldiler. Aziýanyň olimpiýa geňeşiniň baýdagy astynda geçirilýän bu bäsleşikler her 2 ýyldan 1 gezek guralýar. 2014-nji ýylda ol Tailandyň Phuket adasynda geçirildi. Ýaryşlaryň dowamynda 43 döwlete wekilçilik edýän 2583 türgen sportuň 26 görnüşi boýunça özara güýç synanyşdy. Türkmenistanly türgenler sambo, jiu-jitsu, erkin göreş, kuraş, taý boksy, fransuzlaryň petank oýny, basketbol (erkekler), gandbol (zenanlar) we kenarýaka woleýboly (erkekler) boýunça bäsleşdiler.

Aşgabatda geçirilen guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça dünýä çempionatynda türkmen pälwanlaryna taý tapylmady

Aşgabat şäherinde 21-23-nji noýabr aralygynda guralan guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça 12-nji dünýä çempionaty türkmen pälwanlarynyň uly ýeňşi bilen tamamlandy. Aşgabatdaky dünýä çempionatyna 23 döwletden 200 töweregi pälwan gatnaşyp, olar medallaryň 27 toplumy ugrunda bäsleşdiler. Pälwanlar guşakly göreşiň erkin we nusgawy görnüşleri (erkekler we zenanlar) hem-de türkmen milli göreşi boýunça bäsleşip, toparlaýyn 1-nji orny eýelediler. Türkmenistanyň ýygyndysynyň agzalary jemi 45 medal gazandylar (16 altyn, 14 kümüş, 15 bürünç).

«Aziada-2017» çäklerini giňeldýär

Noýabr aýyndaky ýene bir ähmiýetli waka Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda V Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti bilen Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň hem-de Okeaniýa döwletleriniň Milli olimpiýa komitetleriniň arasynda Okeaniýa döwletleriniň 17-siniň 2017-nji ýyldaky Aşgabat Aziadasyna gatnaşmagy hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasydyr. Şeýlelikde, Aşgabatdaky Aziýa oýunlary ozal kabul edilen çäklerden tapawutlylykda öz geografiýasyny has giňeltdi. Aşgabatdaky Aziýa oýunlaryna Aziýadan 45, Okeaniýadan 17 döwlet, jemi 62 döwlet gatnaşar. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi bilen Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän 19 görnüşiň üsti ýene 2 görnüş bilen ýetirildi (atçylyk sporrty bilen türkmen milli göreşi).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň