Soňky habarlar

Arhiw

«Gyzyl» kapitan italýan «ädigini» aýagyna deňäp görermi?

22:3402.01.2015
2
4636

Aşgabat, 2-nji ýanwar. «Türkmenportal».

34 ýaşly Stiwen Jerrard «Liwerpulyň» düzüminde 1998-nji ýyldan bäri çykyş edýär.

 «Bu ömrümdäki iň aýgytly pursatlaryň biri. Özem soňky ýyllarda meni we maşgalamy yzygiderli biynjalyk edýär. Şoňa görä-de, geljegim bilen bagly myş-myşlaryň toparyň we tälimçileriň işden ünsüni sowmazlygy üçin bu babatdaky dogry gürrüňi öz agzymdan eşidiň.

Futbol oýnamagymy dowam ederin. Häzirki wagtda geljekde nirä gidýänligim belli däl. Heniz ony özümem bilemok. Emma bir zady, onuň «Liwerpulyň» bäsdeş topary däldigini öňünden aýdyp bilerin. Bu bolsa meni «Liwerpulyň» garşysyna meýdança çykmakdan halas eder» – diýip, Jerrardyň beren beýanaty barada «gyzyllaryň» («Liwerpul») resmi saýtynda ýazylýar.

 Mundan başga-da, Jerrard möwsümiň ahyryna çenli «dogduk» toparynyň düzüminde ähli güýjüni sarp edip oýnajakdygyna söz beripdir. Onuň şertnamasynyň möhleti 2015-nji ýylyň iýunynda tamamlanýar. 2014-nji ýylyň noýabrynda «Liwerpulyň» ýolbaşçylary 34 ýaşly kapitana täze şertnama hödürlediler. Emma ol bu teklibi kabul etmedi.

 Habar beriş serişdeleriniň aglabasy Stiwen MLS-iň toparlarynyň birine gider diýip çaklaýar. Ýöne Jerrardyň geljegi bilen baglylykda başga-da bir çaklama orta atylýar. Has dogrusy, «ru.livescore.eurosport.com» saýty: «Görlüp oturylsa Jerrardy «Liwerpul» bilen MLS-den başga-da birleri gerekleýän eken. 6 ýyldan soňra Milana gaýdyp barmak bilen «Interi» «A» seriýanyň batgalygyndan çykarmak isleýän Roberto Mançini hem bu ýarymgoragça göz dikýär» diýip, ýazýar.

 «Bu ýerde «gyzyl» kapitan italýan «ädigini» aýagyna deňäp görermi?» diýen sowal döreýär. Indi iň soňky söz Jerrardyňky.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň