Türkmenistanyň Prezidentiniň öz halkyna Täze ýyl gutlagy

0
2721
7
4

Aşgabat, 1-nji ýanwar. «Türkmenportal».

Eziz watandaşlar!

Mähriban halkym!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň uly üstünliklere beslenen 2014-nji — bedew ýyly tamamlanyp barýar. Ýene sähel salymdan biz ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine alyp barjak 2015-nji ýyly ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşylarys.

Gündogar müçenamasyna laýyklykda, täze — 2015-nji ýyl goýun ýyly. Asudalygyň, abadançylygyň we rysgal-berekediň ýyly bolan goýun ýyly, goý, siziň her biriňize uly üstünlikler getirsin!

Biz 2014-nji ýylda berkarar döwletimiziň at-abraýyny, mähriban halkymyzyň şan-şöhratyny arşa göteren giň gerimli işleri amala aşyrdyk.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça oňat netijeleri gazandyk. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary sepgitlere ýetdik.

Eziz Diýarymyzda köp sanly fabrikler, önümçilik desgalary, medeni-durmuş maksatly binalar gurlup, ulanmaga berildi.

Biz ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, döwrebap obadyr şäherleri gurmak boýunça giň gerimli durmuş taslamasyny amala aşyrmagy dowam etdik. Bu strategik maksadymyzyň ýerine ýetirilmegi oba we şäher ilaty üçin has amatly durmuş şertlerini döretmäge mümkinçilik berer.

Bu bolsa, biziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna, adam baradaky aladanyň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan esasy ugruna öwrülýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Sebitiň binagärlik dürdänesi atlandyrylýan paýtagtymyz Aşgabat şäheri giň gerim bilen ösdi we has gözelleşdi. Şäherde täze, döwrebap binalar güýçli depginler bilen guruldy.

«Gazagystan—Türkmenistan—Eýran» halkara demir ýolunyň türkmen-eýran böleginiň ýaňy-ýakynda işe girizilmegi dünýä ýaň salan ajaýyp taryhy waka boldy. Biz şular ýaly iri senagat we medeni-durmuş maksatly desgalary gurmagy mundan beýläk-de giň gerim bilen dowam ederis.

Geçip barýan ýylda obasenagat toplumynda hem netijeli işler alnyp baryldy. Merdana gallaçylarymyz döwlete 1 million 200 müň tonnadan hem köp guşgursak bugdaý hasylyny tabşyrmagy başardylar.

Pagtaçylarymyz hem «ak altynyň» bol hasylyny öndürip, Watan harmanyna 1 million 100 müň tonnadan gowrak pagta hasylyny tabşyrdylar.

Ýurdumyzda saglyk, ylym-bilim, sport ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler il-ýurt bähbitlerine hyzmat edýär. 2014-nji ýylda saglygy goraýyş ulgamynda giň gerimli özgertmeler amala aşyryldy.

Bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini dünýä ölçeglerine laýyk kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirildi.

Tamamlanyp barýan ýylda biz ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek boýunça hem giň gerimli işleri alyp bardyk. Nesip bolsa, 2017-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede we guramaçylykly geçireris.

Bitarap Watanymyzyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky orny hem barha ýokarlanýar we möhüm ähmiýete eýe bolýar.

2014-nji ýyl döwletimiz üçin halkara hyzmatdaşlygynda örän netijeli ýyllaryň biri boldy. Şu ýylyň baharynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň — EKOSOS-yň mejlisinde Türkmenistan 2014—2016-njy ýyllarda bu abraýly Guramanyň ösüş maksady bilen Ylym we tehnika baradaky toparynyň, şeýle hem 2014—2017-nji ýyllar üçin Durmuş ösüşi toparynyň agzalygyna saýlandy. Bu wakalar Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygyny aýdyň görkezýär.

Geçip barýan ýylda ýurdumyzda kosmos ulgamyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barlandygyny hem bellemek isleýärin.

Nesip bolsa, täze ýyl biz öz milli emeli hemramyzy älem giňişligine çykararys. Bu bolsa, berkarar döwletimiziň, mähriban halkymyzyň taryhynda örän buýsandyryjy wakadyr!

Ýurdumyzda telekeçilerimiziň bitirýän işleri, gazanýan üstünlikleri hem guwandyrýar. Ata Watanymyzy ýokary depginler bilen ösdürmek, ykdysadyýetimizi pugtalandyrmak ugrunda zähmetsöýer halkymyzyň alyp barýan beýik işlerine telekeçilerimiz mynasyp goşant goşýarlar.

Eziz watandaşlar!

2014-nji ýylda milli medeniýetimizi ösdürmek boýunça hem giň gerimli işler alnyp baryldy. Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligini halkara derejesinde üstünlikli geçirdik. Biz medeniýet ulgamyny ösdürmäge geljekde hem aýratyn üns bereris.

Tamamlanyp barýan ýylda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygyny halkara derejesinde giňden belläp geçdik. 2014-nji ýyl halkara derejesinde «Magtymgulynyň ýyly» diýlip yglan edilmegi halkymyzyň milli gymmatlyklarymyza, ruhy we medeni mirasymyza guwanjyny has-da artdyrdy.

Biziň ýurdumyz türki dilli döwletleriň özara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem mynasyp goşant goşýar. Ýakynda «TÜRKSOÝ» halkara guramasynyň gadymy Mary şäherini 2015-nji ýylda «Türki dilli döwletleriň medeni paýtagty» diýip yglan etmegi bolsa, şöhratly taryhymyza buýsanjymyzy artdyran ýene-de bir ajaýyp waka boldy.

Nesip bolsa, 2015-nji ýylyň güýzünde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ýaşulularyň nobatdaky maslahatyny geçireris. Ýurdumyzyň ýaşululary bilen ata Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi ugrunda mundan beýläk-de amala aşyrmaly işlerimiz barada maslahat ederis.

Geljek ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» rezolýusiýany kabul edenine 20 ýyl dolýar. Ýaşulularyň Lebap welaýatynda geçirilen maslahatynda Watanymyzyň Bitaraplyk derejesine buýsanjymyzyň nyşany hökmünde, 2015-nji ýyl «Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly» diýlip yglan edildi.

Bu şanly waka mynasybetli geçiriljek çäreler Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleriniň ajaýyp dabarasyna öwrüler.

Eziz watandaşlar!

Ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşy alýan 2015-nji ýylymyzyň hem merdana halkymyzyň yhlasly zähmeti netijesinde ägirt uly, tutumly işleriň amala aşyrylýan ýyly boljakdygyna berk ynanýaryn.

Täze ýylda berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmakda bize halkymyzyň egsilmez zehini, mizemez agzybirligi, zähmetsöýerligi güýç-kuwwat berer.

Eziz watandaşlar!

Mähriban halkym!

Ýene-de sanlyja minutlardan biz Täze — 2015-nji ýyla gadam basýarys.

Goý, täze ýyl eziz Watanymyz üçin üstünlikli, mähriban halkymyz we her bir maşgala ojagy üçin rysgal-döwletli, bereketli hem-de düşümli ýyl bolsun!

Maşgala ojaklaryňyzda Täze ýylda hem agzybirlik bagtyýarlyk, abadançylyk we rowaçlyk höküm sürsün!

Täze — 2015-nji ýylyňyz gutly bolsun, eziz watandaşlar! 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru