Ynha, basym Täze ýyl geler!

10:1731.12.2014
0
8332

Aşgabat, 31-nji dekabr.  «Türkmenportal».

Täze ýyl...Ony garşylamakdan ýakymly we täsin näme bolup biler! Täze ýyl gijesi edilen arzuwlar hasyl bolýar diýlip ýöne ýere aýdylanok ahyry. Biziň hemmämiz – çagalaram, ulularam şatlyk, saglyk, parahatlyk we söýgi, keýpiçaglyk, abadançylyk we bagtyýarlyk arzuw edýäris. Bagty diňe özümize däl, eýsem 2015-nji ýyly ertirki güne ynam we umyt bilen, geljege bolan uly mümkinçilikler bilen garşylaýan Watanymyza hem dileg edýäris.

Her bir öýde baýramçylyk ahwalaty, şatlyk-şowhun höküm sürýär. Köpler Täze ýyly gözel görnüşde bezelen seýilgählerde, seýil baglarda, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada, dürli öwüşginli reňke bezelen “Ylham” seýilgähinde, Türkmen döwlet sirkiniň öňündäki ertekiler şäherçesinde  garşylamak isleýär.

Türkmen paýtagtyndaky ajaýyp arçalary “Türkmen polat” firmasynyň işrwürleri getirip, olar aşgabatlylaryň şatlygyna şatlyk goşdular. Şu gün şähere çyksaň, arçalaryň ýanynda dowam edýän ajaýyp görnüşlere, baýramçylyk şowhunyna şaýat bolarsyňyz.

Ýörite siz üçin "Aşgabat Täze ýyly garşylaýar” atly fotoreportaž taýýarladyk. Duşuňyzdan geçirmäň!

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň