Soňky habarlar

Arhiw

«Zenidiň» kapitany Türkmenistanda doglan

11:2529.12.2014
1
10495

Aşgabat, 29-njy dekabr. «Türkmenportal».

«Zenidiň» kapitany Türkmenistanda doglan ýa-da Jamaldin Hojanyýazow hakynda 5 maglumat

Türkmenistan-Özbegistan-Russiýa

Jamaldin Abdyhalitowiç Hojanyýazow 1996-njy ýylda Türkmenistanyň Baýramaly şäherinde dünýä indi. Çagalykdan sport bilem gyzyklanansoň, ony täze göçüp baran şäheri bolan Daşkentdäki çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň “Çilanzar” futbol toparyna berýärler. Ol ýerden Tolýattidäki Ý. Konoplýowyň akademiýasyna geçýär. Akademiýany tamamlansoň 2012-nji ýylda Tolýattiniň “Akademiýa” kluby bilen şertnama baglaşýar.

Oba ýerinden demirgazyk paýtagta

2013-nji ýylyň ýanwarynda Jamaldin Hojanyýazowy Sankt-Peterburgyň ikinji toparyna kabul edýärler. Şol ýylyň iýulynda bolsa birinji topara geçirilýär. Türkmenistanda doglan futbolçy 2013-nji ýylyň 26-njy iýulynda “Kuban” bilen geçirilen oýunda ilkinji gezek “Zenidiň” düzüminde resmi duşuşyga gatnaşýar. 2014-nji ýylyň başynda Perm şäheriniň “Amkaryna” kärendesine berilýär. Möwsüm tamamlanansoň ony “Zenide” gaýtaryp getirýärler.

Baýramalyda doglan Ýewropa çempiony

Jamaldin Hojanyýazow Russiýanyň (U-16, U-17) ýetginjekler ýygyndylarynyň hatarynda çykyş etdi. 2013-nji ýylda bu döwletiň ýetginjekler ýygyndysynyň düzüminde Ýewropanyň çempiony diýen ada mynasyp boldy. Ol şonda Russiýanyň geçiren 5 duşuşygynyň hemmesinde meýdança çykyp, ýygyndynyň düzümindäki ilkinji goluny tora saldy. 

Hojanyýazowyň UEFA-nyň ýetginjekler ligasyndaky ilkinji üstünlikleri

UEFA-nyň ýetginjekler ligasynyň toparçadaky ýaryşynyň 3-nji tapgyrynda Jamaldin Hojanyýazow tarapyndan kapitanlyk edilýän “Zenidiň” ýaşlar düzümi myhmançylykda Lewerkuzeniň “Baýerini” uly hasap bilen ýeňmegi başardy. Aleksandr Selenkowyň tälim berýänleri bäsdeşinden 4:1 hasabynda üstün çykdy. Şol oýunda “Baýeriň” derwezesine girizilen 4 pökginiň birini Hojanyýazow öz adyna ýazdyrdy. 

Abramowiçiňkä myhmançylyga

Şweýsariýanyň Nýon şäherinde UEFA-nyň ýetginjekler ligasynyň 1/8 finalynyň bijeleri atyldy. Peterburgyň futbol klubynyň metbugat gullugynda habar berişleri ýaly, “Zenidiň” ýaşlar düzümi meşhur rus oligarhy Roman Abramowiç tarapyndan eýelik edilýän Londonyň “Çelsi” topary bilen duşuşar. Ýaryşyň şertine laýyklykda, bäsleşigiň utulan-çykdy bölegi diňe bir duşuşykdan ybarat bolar. “Zenit” topary 2015-nji ýylyň fewralyndaky şol oýunda myhmançylykda çykyş eder. Şol jübütiň ýeňijisi çärýek finalda öz meýdançasynda Madridiň “Atletikosy” ýa-da Londonyň “Arsenaly” bilen güýç synanyşar. UEFA-nyň ýetginjekler ligasynyň bäsleşigi şu sapar 2-nji gezek geçirilip, “Zenit” ilkinji gezek toparçadaky bäsleşikleriň synagyndan geçmegi başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň