Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti geçip barýan ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini gysgaça häsiýetlendirdi

02:3427.12.2014
0
4463

Aşgabat, 27-nji dekabr. «Türkmenportal». 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini başynda ýurdumyzyň ähli halkyny ýetip gelýän Täze – 2015-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýar durmuş hem-de Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi. Goý, Täze ýyl Berkarar Watanymyz we mähriban halkymyz üçin bereketli, rysgal-döwletli we düşümli ýyl bolsun diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti geçip barýan ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini gysgaça häsiýetlendirdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde dünýä ykdysadyýeti haýallyk bilen bolsa-da, maliýe-ykdysady çökgünlik ýagdaýyndan çykýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti hem dünýä ykdysadyýetiniň bir bölegi bolup durýar. Şoňa görä-de, dünýäde bolup geçýän hadysalar ýurdumyzyň ykdysadyýetine hem gönüden-göni öz täsirini ýetirýär. Bu bolsa, bizi bolup geçýän özgermeler bilen bagly çalt we netijeli çözgütleri tapmaga borçly edýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Biz göz öňünde tutan maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň pese düşmegine ýol bermezlik maksady bilen, ähli zerur çäreleri görýäris. Şu ýagdaýlar göz öňünde tutulanda, 2014-nji ýyl dünýäniň ähli ýurtlary üçin örän agyr ýyllaryň biri boldy. Şu ýyl syýasy we ykdysady ýagdaýlar bilen bagly dürli wakalara örän baý ýyl boldy. Şolaryň hatarynda kynçylyklary döreden ýagdaýlar hem, oňat wakalar hem bar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 2014-nji ýylda ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň gerimi has-da giňeldi. Dürli ýurtlar bilen özara gatnaşyklarymyzyň möçberi iki essä golaý artdy.

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde, şeýle hem halkara derejesindäki duşuşyklarda örän köp sanly çylşyrymly syýasy, ykdysady we durmuş meselesine seredildi. Şol meseleler boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Şol çözgütler oňyn netijelerini hem berdi. Bu bolsa, Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň öz wagtynda we dogry çözgütleri kabul edendigini, biziň sazlaşykly, netijeli we maksada okgunly işleri alyp barandygymyzy görkezdi diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ýylyň dowamynda bize örän köp işleri amala aşyrmak we köp sanly meseleleri çözmek başartdy. 2014-nji ýylda göz öňünde tutan işlerimiziň ählisini diýen ýaly durmuşa geçirdik. Biz «Demirgazyk–Günorta» halkara demir ýoluny dabaraly açyp, ulanmaga berdik. Geljekde ýurdumyzyň senagat pudagynyň möhüm ähmiýetli desgalaryna öwrüljek, Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň, Garabogaz şäherinde karbamid öndürýän kärhananyň, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň, «Galkynyş» gaz käninde zawodlar toplumynyň düýbüni tutduk. «Aşgabat–Türkmenbaşy» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berdik. Ýylyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň oňat bolmagyna, ýagny 10 göterimden hem ýokary bolmagyna garaşylýar. Bu bolsa, şu ýylda gazanan üstünliklerimiziň aýdyň mysallarydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Şu ýyl ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Rezolýusiýany kabul etdi. Bu bolsa, ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň halkara derejesinde gazanan uly üstünligidir.

Bitarap Türkmenistan sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk üçin oňyn şertleri döretmäge öz mynasyp goşandyny goşdy we uly goşant goşmagyny dowam edýär. Şu ýylyň jemlerine baha berenimizde, umuman, 2014-nji ýyl berkarar Watanymyz we mähriban halkymyz üçin oňat ýyllaryň biri boldy diýip ynamly aýdyp bileris diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Biz şu ýylyň jemlerine we 2015-nji ýylda öňümizde durýan wezipelere ýanwar aýynyň başynda has giňişleýin we doly serederis. 2015-nji ýyl ýurdumyz üçin ýubileý ýylydyr hem-de Bitaraplyk we parahatçylyk ýylydyr. Nesip bolsa, geljek ýylda biz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmeginiň 20 ýyllyk baýramyny giňden we dabaraly belläp geçeris.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň parahatçylygy we asudalygy goldamaga esaslanýandygyny belledi we Täze – 2015-nji ýylda hem täze üstünlikleriň gazanylyp, berkarar Watanymyzyň belent sepgitlere ýetjekdigine ynam bildirdi. Täze ýylda biz Bitarap Watanymyzy ösdürmek, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça täze sepgitlere ýetip, nobatdaky möhüm ädimleri äderis diýip, döwlet Baştutany aýtdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň