Soňky habarlar

Arhiw

Günbatar Aziýanyň çempionatyna ýollanma ugrunda

23:3226.12.2014
1
4076

Aşgabat, 26-njy dekabr. «Türkmenportal». 

Paýtagtymyzdaky “Galkynyş” sport toplumynda tamamlanan uşu boýunça Türkmenistanyň kubogyna ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden türgenleriň 100-e golaý türgen gatnaşdy. Onuň jemi boýunça Eýranyň Zahedan şäherinde 2015-nji ýylyň 8-12-nji fewraly aralygynda geçiriljek Günbatar Aziýanyň çempionatyna milli ýygyndymyzyň düzümi kesgitleniler.

Baş baýraga – Kuboga paýtagtymyzyň topary mynasyp boldy. Bu toparyň wekilleri 7 gezek ýeňiji boldular. Umumy topar hasapda Daşoguz welaýatynyň ýygyndysy ikinji orna mynasyp boldy (4 birinji ýer) we üçünji ýeri maryly türgenler eýelediler. Maryly türgenler dürli ugurlarda üç gezek hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykmagy başardylar.

Geçip barýan ýylda gadymy söweş sungatynyň türkmen muşdaklary ýaryşlaryň her birinde diýen ýaly medallara mynasyp bolmagy başardylar. Hytaýda II Bütindünýä ýetginjekler olimpiýa oýunlarynyň çäklerinde geçirilen “Nankin-2014” halkara ýaryşynda uşu boýunça görkezme çykyşlar guraldy. Şol oýunlarda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň okuwçysy Merjen Saparowa bürünç medala mynasyp boldy.

Biziň uşuçylarymyz şu ýylyň güýz paslynda Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen XVII Aziýa oýunlarynda bürünç medallaryň ýene-de ikisini eýelediler. Ol ýerde Salahetdin Baýramow we Jennet Aýnazarowa tapawutlandylar. Olar Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň uly tälimçisi we milli uşu federasiýasynyň başlygy Ýazmyrat Annamyradowdan tälim alýarlar.

Biziň türgenlerimiz Ermenistanda we Gruziýada geçirilen iri halkara ýaryşlaryň ikisinde hem üstünlik gazandylar. Türkmenistanlylar şol ýaryşlarda medallaryň 20-sine – 9 altyn, 5 kümüş we 7 bürünç medala mynasyp boldular. Ine, indi bolsa türgenlerimiz ýene-de Eýranda geçiriljek Günbatar Aziýa çempionatynda baýraklar ugrunda göreşmäge taýýarlyk görýärler.

Suratda: Salahetdin Baýramow (çep gyrada) we Jennet aýnazarowa (sag gyrada) halypalary - Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň uly tälimçisi we milli uşu federasiýasynyň başlygy Ýazmyrat Annamyradow bilen.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň