Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezi açyldy

15:4326.12.2014
4
36877

Aşgabat, 26-njy dekabr. «Türkmenportal». 

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow yň gatnaşmagynda “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Ol sebitimizdäki iň iri söwda merkezi bolup, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan bina edildi.

Şu gün merkez özüniň ilkinji myhmanlaryny kabul etdi. Onuň şu pursatdan başlap, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň hemişe gelýän ýerine öwrüljekdigine ikirjiňlenmeýäris.

Merkezi gurmak üçin bölünip berlen ýer böleginiň umumy meýdany, onuň abadanlaşdyrylan ýanaşyk çäklerini hasaba alanyňda, 17,5 gektardan ybaratdyr. Bu 12 gatly işewürlik merkezi dört gatly söwda-dynç alyş merkezi bilen bir bitewi binany emele getiripdir. Binanyň ýanynda 1300 ulaga niýetlenen üsti telärli duralga bar. Merkeziň ýanaşyk ýerinde dynç alyş üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän suw çüwdürimler toplumy bolan seýilgäh zolagyny gurmak meýilleşdirilipdir (Şertnamanyň umumy möçberi 541 500 000 manada barabar).

Merkeziň birinji we ikinji gatlarynda 340-dan gowrak dükany bolan söwda ulgamy ýerleşýär.

Onuň üçünji we dördünji gatlarynda birnäçe restoranlar, naharhanalar, çaýhanalar hereket edýär. Mundan başga-da, merkezde örän köp görnüşli oýun enjamlary bolan çagalar üçin zal, buzly meýdança, bouling merkezi, tomaşaçylaryň ýaş aýratynlyklary esasynda enjamlaşdyrylan birnäçe kinoteatrlar bar. 

Umuman aýdanyňda, 140 müň inedördül meýdany bolan söwda merkezindäki dürli harytlaryň söwdasy üçin niýetlenen 340-dan gowrak dükanlar öz gapylaryny giňden açdylar. Olaryň hatarynda dünýäniň öňdebaryjy we saýlama önüm öndürijileri hasaplanýan Valentino, Ravazollo, Mango, Tom Tailor, Levis, Adidas, Nike, Loreal, Svarovskiý, Apple, Vertu, Rolleх ýalylar bar. 

Söwda bölüminde dürli öwüşginli matalary, ýüpek, mahmal lybaslary, milli nagyşlar bilen bezelen beýleki egin-eşikleri hödürleýän “Owadan” dükany ünsüňi özüne çekýär. Onuň golaýynda “Joma” ispan firmasynyň sport harytlar dükany ýerleşýär. Bu ýerde göni önüm öndürijiden getirilen iň täze harytlar –sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ýörite lybaslar bar.

 Körpeleriň ene-atalary “Сoссodrillo” polýak kompaniýasynyň çagalar egin-eşigi dükanynyň hödürleýän harytlaryna uly gyzyklanma bildirseler gerek, zenan we erkek adamlar üçin geýim-eşikler “Нaus of brands” dükanyndan, “Franсesсo Markoni” dükanyndan bolsa belli söwda kysymynyň italýan gaýyş torbalaryny satyn almak bolar.

Belli “Levi’s” firmasynyň jinsi önümleri—köýnekler, sport lybaslary we häzirkizaman ýaşlarynyň geýmegi halaýan köpsanly beýleki egin-eşiklerini satyn almak bolýar.

Soňra “Gül ýüpek” egin-eşikler dükany ýerleşýär, bu ýerde nemes dizaýnerleriniň “Fashion” işewür lybaslarynyň görnüşleri, türk öndürijileriniň “Inсhi” nyşanly işewür lybaslary we zenan köýnekleri ilata hödürlenýär. “Unitet Соlors of Benetton” ýaly dünýäniň öňdebaryjy düzümleriniň zenanlar, erkek adamlar we çagalar üçin taýýarlanan geýimleriniň köp görnüşi bar.

Dürli biçüwdäki geýimleri taýýarlamaga niýetlenen matalaryň söwdasy guralýan dükan “Türkmen gözeli” diýlip atlandyrylypdyr. Şeýle hem onda Italiýanyň “Sassofono” dükanynyň dürli görnüşli önümleri bar. “Rozygül” dükanynyň tekjelerinde goýlan köp görnüşli sowgatlyklar bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär.

 “Villeroy & Boсh” derejedäki özboluşly gap-gaçlar gadymy döwürlerde imperatorlaryň we patyşalaryň ulanýan gaplaryny öndürmek bilen meşhurlygy gazanypdyrlar. Häzirki döwürde bu derejedäki gap-gaçlaryň dürli görnüşleri paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň ilatyna elýeterli boldy. Dürli aýnadan öndürilen gap-gaç toplumlary baýramçylyk saçaklaryny bezeýär. Bu ýerde syrçaly we aýna gaplar, hrustal we faýans önümleri, aşhana gurallary hödürlenýär.

“Borsetta” dükany aýal-gyzlaryň köp gelýän ýerine öwrüler, bu ýerde zenan torbalarynyň, gaýyşdan ýasalan önümleriň dürli görnüşleri hödürlenýär. Onuň ýanynda ýerleşýän “Janita” dükanynda milli lybaslaryň däp bolan nagyşlary esasynda häzirki meýiller bilen utgaşyklykda türkmen moda ussatlary tarapyndan döredilen taýýar egin-eşikler satuwa çykarylýar.

Bu ýerde, birinji gatda ýerleşen “Kämil” atly kämil-market 7 müň inedördül meýdany eýeleýär.

 Ikinji gatda dükanlardan başga-da kafe we restoranlar ýerleşýär, olarda dünýäniň halklarynyň dürli görnüşdäki aşhanasyna degişli dürli tagamlar hödürlenýär.

Üçünji gat - bu çagalar üçin niýetlenen häzirkizaman dynç alyş toplumy (4400 inedördül metr). Onuň düzümine körpeler üçin we ýetginjekler üçin oýun zolaklary girýär. Dürli görnüşli attraksionlaryň, oýun awtomatlarynyň möçberleri haýran galdyrýar, olary körpeler yhlas bilen öwrenýärler we toplumyň zallaryny özleriniň şadyýan sesleri bilen bezeýärler. 

Şol ýerde 400 inedördül metrlik meýdanda buzly meýdança bar hem-de kinosöýüjiler üçin 60 orunlyk iki sany kino zal, 60 orunlyk 3D ölçegdäki bir kino zal, 5D ölçegli sekiz orunlyk we (VIP) sekiz orunlyk bir sany kino zal, bouling üçin jaý, häzirkizaman attraksionlary, zenanlar üçin gözellik salonlary, şeýle-de kafe hödürlenýär . Şeýle hem merkeziň düzümine fotostudiýalar, ykjam aragatnaşyk bölümleri, himiki usulda arassalaýyş, modaly lybaslary tikmek boýunça birnäçe bölüm, şeýle hem pul alyş-çalyş bölümi girýär. Bu ýerde bank kartlarynyň terminallary oturdylypdyr. 

Gatlaryň arasynda basgançaklardan we eskalatorlardan başga-da, syn ediş we adaty liftler hereket edýär. Alyjylar üçin amatly bolar ýaly ýörite taksileriň hyzmaty hem göz öňünde tutulypdyr.

“Berkarar” söwda-dynç alyş merkezinde düşürilen ähli suratlary biziň fotoreportaž bölümçämizde görüp bilersiňiz.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň