Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Rosgossirk» döwlet kompaniýasynyň çykyşlary başlandy

15:0826.12.2014
0
2767

Aşgabat, 26-njy dekabr. «Türkmenportal».

25-nji dekabrda  Täze ýyl dabaralarynyň öňüsyrasynda türkmen paýtagtynda Russiýanyň «Rosgossirk» döwlet kompaniýasynyň çykyşlary badalga aldy. Şol çykyşlar Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sahnasynda bolar we munuň özi bu sungaty söýüjileriň hemmesine ajaýyp Täze ýyl sowgady bolar. Daşary ýurtly myhmanlaryň ajaýyp sirk şüweleňi gyzykly täsinlikleri, tomaşaçylara, aýratyn hem çagalara şadyýan baýramçylyk şadyýanlygyny wada berýär, mekdep dynç alyş günlerinde hem sirk ertekisi olaryň göwnünden turar.

Rus artistleriniň getiren baý sirk maksatnamasy «Ýolbarslaryň arasynda bir özi» diýlip atlandyrylýar. Onuň çäklerinde şol bir at bilen ondan gowrak ýolbarsyň gatnaşmagynda ajaýyp tomaşany görkezýän täsin çykyş onuň möhüm bölegi bolup durýar. Dört aýakly artistler tälim beriji Wladislaw Gonçarowyň görkezmelerini ýerine ýetirmek hem-de adaty bolmadyk artistlik çykyşlary bilen tomaşaçylaryň göwnüni göterýär.

Bu sirk maksatnamasynda ýaşajyk artistleriň çykyşlary hem bar. Olaryň çykyşlary  hemişe tomaşaçylaryň aýratyn ünsüni çekýär. «Ikariýa oýunlary» ady bilen ajaýyp çykyşda uly ýaşly artistler bilen bilelikde, alty ýaşly Maksim Duhanin başarjaň ukyplaryny görkezýär. Daşary ýurtly myhmanlaryň sirk şowhunlary sazly çykyşlarda, tälim berilýän haýwanlaryň çykyşlarynda, akrobatikada, ekwilibristikada, žonglirlemekde we beýleki ençeme çykyşlarda dürli şadyýan, täsin çykyşlary özünde jemleýär. Elbetde, şadyýan, masgarabazlar çykyşlaryň çäklerinde özleriniň degişmeleri we täsin çykyşlary bilen tomaşaçylary maýyl edýär.

Artistler tarapyndan döredilen gahrymanlaryň aýdyň, özüne çekiji baý keşpleri, çylşyrymly çykyşlar, masgarabazlaryň hoşniýetli degişmesi we beýleki täsirli çykyşlar şatlygyň hem-de haýran galmagyň baýramçylygy  türkmen tomaşaçysynyň uzak wagtlap ýadynda galar.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldaw bermeginde guralan «Rosgossirkiň» çykyşlary iki dostlukly halklaryň medeni gatnaşyklarynyň taryhynda ajaýyp sahypa bolar. Türkmen paýtagtynda Russiýanyň sirk sungatynyň ussatlarynyň döretjek ajaýyp döredijilik baýramçylygy geljek ýylyň 18-nji ýanwaryna çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň