Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky gatnaşyklar iki halkyň bähbitleriniň hatyrasyna pugtalandyrylýar we giňeldilýär

15:0726.12.2014
0
2737

Aşgabat, 26-njy dekabr. «Türkmenportal».

25-nji dekabrda  Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Halifa Bin Ahmad Al Suwaidini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa  ynanç hatyny gowşuranyndan soň dowam eden gürrüňdeşlikde iki dostlukly ýurduň arasynda geçen ýyllaryň dowamynda emele gelen netijeli gatnaşyklary dowam etmäge we giňeltmäge aýratyn gyzyklanmanyň bardygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň geljegi hakynda pikir alşyldy. Türkmenistanyň we Kataryň giň gerimli özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklamak bilen, döwlet Baştutanymyz we myhman söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmekde, haryt dolanyşygyny artdyrmak, energetika howpsuzlygy, üstaşyr-ulag geçelgeleri babatda, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda we beýleki ugurlarda netijeli işewür gatnaşyklaryny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şeýle hem ösýän gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýan ynsanperwer-medeni ulgamda däbe öwrülen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz  we Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hoşlaşanlarynda döwletara gatnaşyklarynyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, geljekde hem iki halkyň bähbidine pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň