Merkezi aziýaly ýaş alymlar üçin aýyna 1500 ýewro möçberinde gysga wagtlaýyn talyp haklary

0
1033
0
0

Aşgabat, 25-nji dekabr. «Türkmenportal».

Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň býulleteninde «Дом наук о человеке» (“Adam hakyndaky ylym öýi”, Russiýa we GDA üçin maksatnama) gaznasy bilen Fransiýanyň Merkezi Aziýany öwreniş institutynyň (IFEAC) Merkezi aziýaly ýaş alymlaryň ikisine 2 aýdan 3 aýa çenli wagt aralygynda gysga möhletli talyphaklaryny hödürleýändigi habar berilýär.

Bu talyphaklary Fransiýada ylmy-barlag işlerini alyp barmaga niýetlenendir (meýdança ylmy-barlag işlerini alyp barmak, kitaphanalarda we arhiwlerde ylmy-barlag işleri bilen meşgullanmak).

Talyphaky 2 aýdan 3 aýa çenli wagta niýetlenilip, ol her aýda 1500 ýewro barabar bolar. Ol ýaşamak üçin we ýol üçin sarp ediljek harajatlary ýapar. Mundan başga-da FMSH bilen IFEAC Fransiýa wiza almaga we logostiki hyzmatlary (ýaşýyş jaýyny tapmaga, kitaphanalara haýyşnama ýollamaga, ylmy institutlary gözlemäge) amala aşyrmaga kömek eder.

Talyphakyna dalaş edýän adam gumanitar we jemgyýetçilik ylymlary (antropologiýa, edebi ugurdan ylmy-barlaglar, taryh, geografiýa, filosofiýa, syýasatşynaslyk, sosiologiýa) bilen meşgullanmalydyr.

Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň raýaty bolan we şol döwletleriň ylmy edaralarynyň işgärleri talyphaky üçin arza berip bilerler. Olaryň ylmy derejesiniň bolmagy hökmany şertdir. Kandidatlyk işleri 2007-nji ýyldan soň goralan bolmalydyr. Ýaş çäklendirmesi ýok.

Gatnaşmak isleýän dalaşgärler 2014-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli şu salgylara ýüz tutmaly: IFEAC (ifeacd@gmail.com) we FMSH (mfanjat@msh-paris.fr).

Has giňişleýin maglumatlary şu saýtdan alyp bilersiňiz:http://www.centre-fr.net/grants/5/ или http://www.fmsh.fr/fr/c/6291

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru