Ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda oturdylan arçalar yşyklara beslendi

09:3223.12.2014
0
12029

Aşgabat, 23-nji dekabr.«Türkmenportal». 

22-nji dekabrda bäp bolup gelşi ýaly, paýtagtymyzdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky meýdançada guralan belent başly arçanyň yşyklarynyň ýakylmagy mynasybetli dabara guraldy. Paýtagtymyzdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky meýdançada guralan belent başly arça özüniň älemgoşar öwüşginini çarýana saçdy. Dabarany guraýjlaryň yhlas etmegi netijesinde 35 metrlik arça baýramçylyk äheňinde bezelipdir.

Onuň dik depesinde sekizburçly ýyldyz bolup, arçanyň merkezi böleginde dürli yşyklardan 2015 ýazgysy ýerleşdirilipdir. Bu ýerdäki meýdançada ertekilerdäkä çalymdaş şäherçe emele gelipdir. Onda köp sanly  yşyklaryň, dürli oýnawaçlaryň we bezeg serişdeleriniň öwüşgini bilen gaýtalanmajak gözellik täsir galdyrýar. Şeýle hem bu ýerde köp sanly kiçiräk arçalar oturdylyp, olar hem dürli bezeg serişdelerine beslenipdir.

Olardaky jaňjagazlaryň owazy bu künjegiň özboluşlylygyny hem-de täsirliligini artdyrýar. Göýä diýersiň asmandan inen ýaly öwüşginli şarlar ünsüňi özüne çekýär. Bu ýere gelýän adamlar we çagalar baýramçylyk dünýäsine goşulyp, dürli öwüşginli yşyklara guwanç bilen seredýärler.

Arçanyň ýanynda onuň yşyklarynyň ýakylmagyna we baýramçylygyň baş gahrymanlarynyň gelmegine garaşyp duran aşgabatlylaryň müňlerçesi we paýtagtymyzyň myhmanlary folklor hem-de tans toparlarynyň, baýramçylyk lybaslaryna giren sirk we teatr artistleriniň çykyşlaryna tomaşa edýärler.

Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda söýgüniň, ýaşlygyň we dost-doganlygyň şäheri bolan Aşgabat has-da gözel, bu ýerde dürli öwüşginli suw çüwdürimleri, elwan güller, ajaýyp seýilgähler, biri-birinden gözel ak mermerli binalar giň şaýollary we baýramçylyk lybasyny geýen meýdançalar göwnüňi göterýär. Ýol ugrunda bar bolan müňlerçe arçalar özboluşly bezeg serişdelerine beslenip, has-da gözel görünýär. Olaryň tyllaýy agşamlardaky görnüşi ertekilerdäki jadyly şekillere çalymdaş.

Aýazbaba we Garpamyk gün-günden gözelleşýän paýtagtymyz bilen tanyşlygyny şu ýyl düýpli abatlanyp, täze görnüşe giren “Aşgabat” medeni-dynç alyş seýilgähinden başlady. Bu ýerde baýramçylygyň baş gahrymanlary aýdym-sazlar, joşgunly tanslar, gülküli tomaşalar bilen garşylanyldy. Seýilgähiň meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan dabara gatnaşyjylar Aýazbabany bu ýerde guralan arçanyň yşyklaryny ýakmaga çagyrdylar. 

Aýazbaba özüniň ulag kerweni bilen paýtagtymyzda guralýan dabara merkezlerine tarap ýola rowana bolýar. Aşgabatdaky Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada guralan dabaralaryň şowhuny has-da belent boldy.  Soňra olaryň ulag kerweni Arçabil şaýoly bilen “Älem” medeni-dynç alyş merkezine tarap ugrady. Olaryň geçýän ýolunyň ugrunda baýramçylyga mahsus dabaralar guralyp, oňa gatnaşyjylar Aýazbabany we Garpamygy uly söýgi bilen garşyladylar. 

Ine, köp garaşdyran myhmanlar  baş arçanyň ýanyna geldiler. Bu ýerdäki dürli lybaslary geýnen çagalar şadyýan aýdym-sazlary bilen dürli öwüşgine beslenen arçanyň ýanyndaky dabaranyň şowhunyny has-da belende göterdiler. Hemişe gök öwüsýän arçanyň töwereginde paýtagtymyzyň teatr toparlarynyň, Çagalar we ýetginjekler köşgüniň, sungat mekdebiniň artistleriniň, meşhur estrada aýdymçylarynyň gatnaşmagynda söýgüli baýramçylyga aýdym-sazly sowgat eçildiler.

Aýazbaba we Garpamyk  bu günki dabara gatnaşýan ähli körpe türkmenistanlylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň tutuş halkyna täze 2015-nji ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlaryny aýtdylar. Şeýle hem olar milli Lidermize we halkymyza bagt, jan saglyk, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdiler.

Körpeleriň haýyşy boýunça Aýazbabanyň jadyly taýagynyň kömegi bilen belent başly arçanyň yşyklarynyň ýakylmagy bu ýerde guralan dabaranyň jemini jemledi. Onuň yzysüre ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň meýdançalarynda guralan Täze ýyl arçalary düri öwüşginli yşyklara beslendi. Şol gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde belent ruha beslenen Täze ýyl dabaralaryna badalga berildi. Aýdym-sazlaryň owazy belentden ýaňlandy.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň