Bir agşamda üç rekord

1
479
10
0

Aşgabat, 23-nji dekabr.«Türkmenportal». 

Maryda guralan pauerlifting boýunça (üç ugur boýunça güýjüňi görkezmek) Türkmenistanyň kubogynda milli rekordlaryň 3-si hasaba alyndy.

Ştanga bilen oturmak, ştangany ýatan ýeriňden galdyrmak we ştangany dik durup götermek boýunça geçirilen ýaryşlarda Aşgabada we welaýatlara wekilçilik edýän türgenler güýç synanyşdylar. Mary welaýatynyň dolandyryş merkezindäki täze we döwrebap sport mekdebinde guralan ýaryşda erkekler we zenanlar Türkmenistanyň kubogy ugrunda bäsleşdiler.

Lebaply Sergeý Muhammedzýanow Türkmenistanyň kubogynyň hakyky gahrymanyna öwrüldi. Ol diňe bir 59 kilogram agramda ýeňiji bolmak bilen çäklenmedi, eýsem milli rekordlaryň hem üçüsini öz adyna ýazdyrdy. Ol ştanga bilen oturmakda 205 kilogram, dik turup götermekde 210 kilogram, 3 görnüşiň jemi boýunça hem 540 kilogram netije görkezip, milli rekordlary täzeledi.

S. Muhammedzýanowdan başga-da Lebabyň toparyndan ýene 5 türgen, ýagny  Artur Joraýew (54 kg. çenli), Wýaçeslaw Ogaý (66 kg. çenli), Tamila Kiýametdinowa (43 kg. çenli), Inga Taganowa (47 kg. çenli), Albina Rahmanowa (66 kg. çenli) hormat münberiniň çür başyna çykdy. Şeýlelikde, Lebap welaýatynyň topary 6 altyn medal gazanyp, ilkinji gezek bu ýaryşyň baş baýragyna mynasyp boldy.

Mary welaýatynyň topary hem iň ýokary derejeli medallaryň 6-syny gazandy. Ýöne olar umumytoparlaýyn bäsleşikde 2-nji basgançaga düşdüler.

Ilkinji üçlügiň soňky basgançagyny 3 altyn medal gazanan Daşoguz welaýatynyň topary eýeledi.

Türkmenistanly pauerliftingçiler üçin nobatdaky synag 2015-nji ýylyň fewralynda Türkmenabatda geçiriljek Türkmenistanyň çempionaty bolar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň

wot eto daaa

Рейтинг@Mail.ru