Soňky habarlar

Arhiw

Ýurdumyzyň bazarlary elýeterli bahadan satylýan obahojalyk önümleri bilen üpjün edildi

18:2422.12.2014
0
11702

Aşgabat, 22-nji dekabr.«Türkmenportal». 

Ýurdumyzda öndürilýän oba hajlyk önümleriniň hasabyna Türkmenistanda azyk bolçulygyny döretmek döwlet syýasatynyň aýratyn ähmiýet berilýän ugurlarynyň biri bolup, ol Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga we halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti degişli ýolbaşçylara ilatyň islegini jikme-jik öwrenmegi, baýramçylyk günleri paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky bazarlary zerur bolan ýokary hilli azyk önümleri we senagat önümleri bilen üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz şeýle-de alyjylara ýokary hilli medeniýetli hyzmat etmegi, hyzmatlaryň derejesiniň halkara ülňülerine laýyk bolmagyny gazanmagy tabşyrdy.

Bu günki gün bazarlarda goýun, sygyr, düýe etiniň ençeme görnüşlerini elýeterli bahadan alyjylara hödürleýärler. Şeýle-de ýokary hilli türkmen ununyňam birnäçe görnüşi satuwa çykaryldy. Esasanam çekilip, 5 we 10 kilogramlyk haltalara gaplanan unlar uly islegden peýdalanýar. Ýurdumyzyň bazarlary Türkmenistanyň ýokary hilli we ýokumly oba hojalyk önümleri bilen üpjün edildi.

Azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek maksady bilen Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda döwrebap toplum gurlup, onda 10 gektar meýdanda gök önümleri ýetişdirmäge we taýýar önüm görnüşinde gaplamaga niýetlenilen ýyladyşhana hereket eder. Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda bir ýylda 8 müň ýumurtga we 1000 tonn et bermäge niýetlenilen guşçulyk toplumy açyldy. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde 1000 tonn azyk önümlerini we gök önümleri saklamaga mümkinçilik berýän sowadyjyly otaglar ulanylmaga berildi.

Türkmenistanyň ykdysadyýetinde hususy sektoryň mümkinçilikleri giňden ulanylýar. Olar täze ýerleri özleşdirýärler, azyk önümleriniň bolçulygyny döretmäge gatnaşýarlar. Sebitlerde agrosenagat önümlerini täzeden işleýän kärhanalar peýda bolýar, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen mallar we guşçulyk toplumlary döredilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň