Aşgabatda S.A.Nyýazowy ýatlama dabarasy geçirildi

0
756
0
0

Aşgabat, 22-nji dekabr.«Türkmenportal». 

21-nji dekabrda säher bilen paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň ýadygärligi oturdylan “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähine paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň müňlerçesi ýygnandy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ilkinji Prezidentini Ýatlama çäresi geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ýadygärligine ajaýyp gül çemenini goýdy. Soňra ýurdumyzyň hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrilkleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçileri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, milli parlamentiň deputatlary we köpsanly çärä gatnaşyjylar milli Liderimiziň göreldesini eýerip, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ýadygärligine gül desselerini goýdular.

Soňra hormatly Prezidentimiz “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähiniň çägini synlady. Gysga wagtyň dowamynda seýilgähiň durky täzelendi, onuň meýdançalaryna granit daşlary düşeldi, şeýle hem seýilähdäki yşyklandyjylar, suw çüwdürimleri häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede abadanlaşdyryldy. 

Häzirki döwürde Aşgabat täze taryhy eýýamyň, ýurdumyzyň nurana geljeginiň, onuň ösüşiniň we döredijiligiň belentliklerine tarap bolan gadamynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Türkmen paýtagty ähli ölçegler boýunça nusgalyk şähere öwrülmelidir. Bu ýerde ilatymyzyň we myhmanlaryň amatly ýaşaýşy we göwnejaý dynç alşy üçin zerur şertler üpjün edilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

 Döwlet Baştutanymyz seýilgähiň çägi bilen ýöräp barşyna, bu ýerde aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň oňaýly dynç almagy, wagtlaryny hoş geçirmegi üçin ähli amatly şertleriň döredilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz türkmen paýtagtynyň bu künjeginde yzygiderli ýagdaýda işleriň geçirilmeginiň we onuň Aşgabadyň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrülmeginiň zerurdygyny belledi. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru