Neşe serişdeleriniň uly tapgyry ýok edildi

1
1784
2
3

Aşgabat. 20-nji dekabr. “Türkmenportal”.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň golaýynda Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralary tarapyndan geçirilen birnäçe ýörite işleriň barşynda elden alnan neşe serişdeleriniň uly tapgyryny ýok etmek boýunça çäre geçirildi. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan guralan bu çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky neşekeşlige garşy göreş boýunça utgaşdyryjy topar we Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy tarapyndan guralan çärä harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň barşynda 200 kilogramdan gowrak neşe serişdeleri ýok edildi, munuň özi türkmen döwletiniň we biziň jemgyýetimiziň häzirki döwürde tutuş adamzat üçin howply wehimleriniň birine garşy berk durulmagyna ygrarlydygyny aýdyň görkezýän nobatdaky subutnama öwrüldi.

Elden alnan neşe maddalary ýok edilmänkä, ýygnananlara görkezildi. Şondan soňra haltalar we düwünçekler yzly-yzyna ýörite peçlere oklanýar. Galyberse-de, bu haýyrly işe gatnaşmak isleýänleriň her birine gadagan edilen harytly düwünçegi peçe oklamaga mümkinçilik döredildi. Şol serişdeler bellenilen düzgünlere laýyklykda hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň gözegçilik etmeginde ýok edildi.

Türkmenistan neşekeşlige garşy göreşe döwlet derejesinde işjeň gatnaşmak bilen tutuş adamzada howp salýan nägehany ýok etmekde dünýäniň köp döwletlerine görelde bolýar. Neşe serişdelerini ýok etmek boýunça geçirilýän çäreler bu aýdylanlary subut edýär. Şeýle çäräniň dowamynda 2009-njy ýylda 2 tonna 474,9 kilogram, 2010-njy ýylda 1 tonna 376 kilogram, 2011-nji ýylda 833 kilogram, 2012-nji ýylda 829 kilogram neşe serişdeleri ýok edildi. Bu sanlar Türkmenistanda neşe serişdelerini bikanun ýaýradýanlara garşy alnyp barylýan işleriň öz miwesini berýändigini görkezýär.

BMG-niň Türkmenistandaky utgaşdyryjysy Jasinta Barrins  neşe serişdelerini ýok etmek çäresinde çykyş edip, biziň ýurdumyzyň häzirki wagtda bütin adamzada howp salýan neşe serişdeleriniň bikanun ýaýradylmagyna garşy göreşmekde alyp barýan işlerine ýokary baha berdi.  

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň

Spasibo Prezidentu za ego mudrost' kotoraya spasaet ne odnu chelovecheskuyu zhizn'!

Рейтинг@Mail.ru