Türkmenistanly futbolçy Riwaldo bilen bir hatarda durýar

19:3509.12.2014
0
3674

“Garşynyň “Nasafynyň” ýarymgoragçysy Artur Geworkýan Özbegistanyň çempionatynyň iň köp tapawutlanan futbolçysy boldy” - diýip, “championat.asia” saýty ýazýar. Türkmenistanly futbolçy möwsümiň dowamynda 18 pökgini tora saldy.

Geworkýanyň yzýanyndaky orunlary “Nowbahoryň” hüjümçisi Şahboz Erkinow bilen “Maşalyň” oýunçysy Zohir Koziboýew eýeledi. Olaryň hersi 14 sapar tapawutlanmagy başardy.

Artur Geworkýanyň Özbegistanyň çempionatynda iň köp pökgi geçiren oýunça berilýän baýraga mynasyp bolan 4-nji daşary ýurtly futbolçydygyny bellemelidiris. Mundan ozal braziliýaly Riwaldo (2009), serbiýaly Miloş Trifunowiç (2011), ukrainaly Oleksandr Pişur (2013) iň köp tapawutlanan futbolçynyň baýragyna mynasyp bolupdy. Iň gyzykly ýeri, olaryň üçüsem Daşkendiň “Bunýodkorynyň” hatarynda çykyş edipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň