Türkmenbaşy şäherinde täze deňiz menzili açyldy

0
821
0
0

Aşgabat, 6-njy dekabr. «Türkmenportal». 

5-nji dekabrda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň buýurmasy boýunça  “Hazar kenary” hojalyk birleşigi bina edilen ýolagçy deňiz menziliniň açylyş dabarasy boldy.    

Binanyň umumy meýdany 800 inedördül metrden gowrakdyr. Bu ýerde ýolagçylaryň hyzmatynda petek satylýan, garaşylýan oňaýly zallar, sowal-jogap bölümi, pul alyş-çalyş nokady, goş-golam saklanýan ýer, kafeteriýa, sowgatlyk satylýan dükan bar. Mundan başga-da, çagaly ýolagçylaryň dynç almagy üçin ýörite ýerler, lukmançylyk nokady we beýlekiler göz öňünde tutulypdyr. Dolandyryş we tehniki otaglar zerur bolan ähli enjamlar bilen enjamlaşdyrylypdyr. Ýolagçylaryň gämä münüp-düşmegi üçin uzynlygy 51 metr bolan enjam gurnalypdyr. Menzil toplumynyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylypdyr we bagy-bossanlyga bürenipdir.

Türkmenbaşy şäherinde täze halkara deňiz menzilini gurmaga degişli iri möçberli maýa goýum taslamasynyň çäklerinde ýakyn ýyllarda Hazaryň kenarynda myhmanhanasy, söwda we dynç alyş merkezleri bolan iň döwrebap ýolagçy terminalyny bina etmegiň meýilleşdirilýändigini bellemek gerek. Mundan başga-da, häzirki wagtda täze menziller adybir adada ýerleşen Gyzylsuw şäherçesinde we Hazar şäherinde gurulýar.

Umuman, “Türkmenbaşy halkara deňiz portuny we Türkmen deňiz söwda flotuny ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baş meýilnamasynyň” durmuşa geçirilmegi deňizde ýük daşalyşynyň we ýolagçylary gatnatmagyň möçberini  has-da köpeltmäge, özara bähbitli söwda-ykdysady we netijeli gumanitar gatnaşyklaryny, syýahatçylygy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dünýä hojalyk aragatnaşyklar ulgamyna hemmetaraplaýyn goşulyşmagyny işjeňleşdirmäge ýardam eder. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru