Soňky habarlar

Arhiw

Taryhy wakanyň gözli şaýady

01:0106.12.2014
1
15569

Aşgabat, 6 Dekabr. «Turkmenportal».

Her bir adam taryhy ähmiýetli waka gözli şaýat bolmagy arzuw edip gelýär. Ýurduň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan wakany öz gözüň bilen görmek hemme kişä miýesser edip durmaýar. Golaýda işe girizilen Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň açylyş dabarasyna gatnaşmak Türkmenistanyň demir ulaglary ministrliginiň baş inženeri Hanmämmet Ataýewiň paýyna düşüpdir. Ol özünde galan täsirleri “Türkmenportalyň” okyjylary bilen paýlaşýar.

-Taryhy ähmiýeti bolan waka gatnaşmak paýyma düşendigi üçin özümi bagtly hasaplaýaryn. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz Ýewropa bilen Ýakyn Gündogary birleşdirýän halkara demir ýol geçelgesini gurmak baradaky taslamany durmuşa geçirmäge mynasyp goşandyny goşýar. 

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol geçelgesi ýükleri daşamakda serişde we wagt tygşytlamakda ähmiýetli taslamadyr. Bu geçelge Günorta we Günorta-Gündogar Aziýadan başlap, Hindi okeanynyň kenarlaryna çenli aralykda ýerleşen döwletleriň Eýranyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň üsti bilen Ýewropa ýük daşamaklary üçin birnäçe ýeňillikleri döreder.

  Täze halkara demir ýol geçelgesiniň iki ugurda – Günorta we Demirgazyk ugurlarda ýolagçy gatnatmak babatda hem amatlydygyny we özüni ödeýändigini aýtmak gerek. Ol hem-ä az harajat talap edýär, hem-de ýoluň ozalkydan gysgalandygyny bellemelidiris.

 Türkmenistan 2007-nji ýylyň maýynda özüniň strategiki möhüm orun eýeleýän goňşulary bolan Gazagystan we Eýran bilen gysga wagtda ylalaşyp, Gazagystan bilen Türkmenistany birleşdirýän demir ýoly gurmak baradaky ylalaşyga gol goýdy. Şol ýylyň oktýabrynda Tähranda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň sammitinde möhüm ähmiýeti bolan polat ýoly gurmak we Eýranyň demir ýol ulgamyna birikdirmek boýunça üç taraplaýyn hökümetara ylalaşygyna gol çekildi.

Türkmen tarapy relsleri goýmak işine demirgazyk tarapdan başlady. Bereket demir ýol menzilinden Gazagystanyň serhedine çenli aralykda gurlan demir ýolyň gurluşygy 2013-nji ýylyň ýaz avlarynda tamamlanyp, 12-nji maýda Gazagystan-Türkmenistan demir ýoly dabaraly ýagdýda açyldy. Bu bolsa demir ýol arkaly gatnaşyklary üpjün etmäge şert döretdi.  Üstümizdäki ýylyň iýulynda günorta ugurda edilen işlerem tamamlandy. Bereket demir ýol menzlinden Eýranyň serhedine çenli uzan polat ýollary awtomatlaşdyrylan enjamlar arkaly hereket edýän degişli infrastruktura bilen üpjün edildi.

Türkmenistanly demir ýol gurluşykçylary Gazagystan bilen Eýranyň serhediniň arasyndaky özlerine degişli ýerdäki täze stansiýalar üçin köprüsi we geçelgesi bolan demir ýollaryň ikinji şahasyny gurdular. Stansiýalarda kaşaň wokzallar, serhet we gümrük gullygyna niýetlenilen binalar we işgärler üçin ýaşaýyş jaýlary bina edildi.

Bize, ine, şunuň ýaly uly wakanyň - ýurdumyzyň ösüşini täze basgançaga çykarmaga hyzmat etjek Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň açylyşyna gatnaşmak miýýeser etdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň