Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Horwatiýa döwletara gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak üçin aýgytly hereket edýär

14:3205.12.2014
0
3273

Aşgabat, 5-nji dekabr. «Türkmenportal». 

5-nji dekabrda Hazaryň kenarynda ýerleşen "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistana iş sapary bilen gelen Horwatiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Zoran Milanowiçiň arasynda gepleşikler boldy. 

Gepleşikleriň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi. Söhbetdeşler häzirki wagtda taraplaryň gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek ugrunda üstünlikli işleýändiklerini kanagatlanmak bilen nygtadylar, munuň özi iki ýurduň halklarynyň bähbitleri üçin oňyn hyzmatdaşlygy geljekde-de ösdürmäge iki tarapyň hem gyzyklanýandygynyň we özara isleg bildirýändiginiň ýene-de bir tassyklanmasy bolup durýar. Türkmenistanyň Baştutany  we Horwatiýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilelikdäki düzümleýin taslamalar, maýa goýumlaryny giňeltmek üçin has möhüm meseleler barada hem pikir alyşdylar.

Soňra duşuşyk “Serdar” myhmanhanasynyň uly mejlisler zalyna ýygnanan iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz myhmany türkmen topragynda ýene-de bir gezek gutlap, Türkmenistanyň we Horwatiýanyň   döwletara hyzmatdaşlygyny täze belentlige çykarmaga, onuň işewür we medeni gatnaşyklaryň çuň mazmunyna eýe bolmagyna gyzyklanma bildirýändigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň meselelerine   degip geçmek bilen, onuň oňyn depginlerini kanagatlanmak bilen belläp, geljegi uly bolan ugurlaryň hatarynda ýangyç-energetika toplumyny görkezdi.

 Şol bir wagtyň özünde  türkmen-horwat özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin ähli mümkinçilikleriň ulanylmaýandygy bellenildi. Syýahatçylygy ösdürmek boýunça  Türkmenistanyň ägirt uly meýilnamalary  bilen baglanyşykly täze mümkinçilikler açylýar. Döwlet Baştutanymyz netijeli we düşewüntli syýahatçylyk senagatyny döretmek ulgamynda Horwatiýanyň uly tejribesini belläp, ýurdumyzyň bu ugurda gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Bilim we medeniýet, ynsanperwer gatnaşyklary ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmek möhüm ugur bolup durýar.

Biziň üçin dürli pudaklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary goldap we ösdürip, Türkmenistanyň hyzmatdaşy bolup çykyş etmek hormatdyr diýip, myhman aýtdy. Premýer-ministr Türkmenistanyň uly geljegi we ägirt uly mümkinçilikleri bar diýip bellemek bilen, Horwatiýanyň kompaniýalarynyň energetika, ulaglar, gämi gurluşyk ugurlarynda we beýleki ençeme ugurlarda milli maksatnamalary we iri durmuş-ykdysady taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga has işjeň çalyşýandyklaryny beýan etdi. Horwatiýaly hyzmatdaşlar tejribe hem-de tehnologiýalar alyşmakda zerurlyk bolan islendik pudakda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýardyrlar diýip, myhman nygtady.

Premýer-ministr Türkmenistana gelip görmäge we Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna täze gäminiň gelmegine bagyşlanylan dabara    gatnaşmaga çakylyk üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de netijeli boljakdygyna ynam bildirdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň