Aşgabatdaky Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynyň çäkleri giňeýär

0
852
0
0

4-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti aşgabat şäherinde durmuş maksatly iri desgalar toplumyny gurmak baradaky Karara gol çekdi. Täze ýaşaýyş jaý toplumy ilatyň häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryna isleglerini doly kanagatlandyrar. Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda 1520 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň 60-syny, 4 sany orta mekdebi, 8 çagalar bagyny we saglyk öýüni gurmak meýilleşdirilýär.

 Häzirki wagtda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlaryna laýyklykda, dürli maksatly binalaryň we desgalaryň  213-si bina edilýär. Olaryň 150-si paýtagtymyzyň häkimliginiň buýurmalary boýunça gurulýar. Şu ýylyň başyndan bäri paýtagtymyzda 53 desga guruldy, ýylyň ahyryna çenli ýene-de 12 desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. 

Aşgabat şäherini gurmagyň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň baş maksady paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr. Munuň özi Türkmenistanda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň adam hakyndaky aladadan ugur alýandygyny nygtamaga esas berýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru