Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan adamlaryň eşretli durmuşda ýaşamagyna hyzmat etjek kanunçylyk taslamalarynyň tutuş toplumynyň üstünde işlenilýär

10:2605.12.2014
0
5410

Şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, bilim we medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmäge, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilen kanunçylyk taslamalarynyň tutuş toplumy işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi.

Parlamentde döredilen işçi toparlary häzirki wagtda bu işleri dowam etdirmek bilen, hususan-da, kepillendiriş işleri, konsullyk gullugy, migrasiýa we beýleki ugurlara degişli kanunçylyk taslamalaryny taýýarlaýarlar.

Kanun çykaryjylyk işi Mejlisiň deputatlarynyň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary we ilat bilen hemişe aragatnaşykda bolmagyny talap edýär. Sebäbi ähli kanunlar ozaly bilen adamlaryň bähbidine, ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş derejesini gowulandyrmak, olaryň parahatçylykly we döredijilikli zähmeti üçin oňyn şertleri döretmäge hyzmat edýärler.

Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisi ýurdumyzyň dolandyryş-çäk bölünişini kämilleşdirmek maksady bilen alnyp barylýan tapgyrlaýyn işleriň üstünde işleýär.

Kanun döredijilik ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen, milli parlamentimiz parlamentara gatnaşyklary ýola goýmakda, halkara guramalary bilen, hususanda BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanalary bilen hyzmatdaşlyk etmekde netijeli işleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň