Soňky habarlar

Arhiw

Ýokary liga — 2017 «Merw» — «Altyn asyr» duşuşygyndan soň gyzykly hasaplamalar

15:4126.06.2017
0
2680

«Merw» — «Altyn asyr» — 1:0.

Gol:

1:0, Ilýa Tamurkin 19’.

Ýyldyza ýörän ýaly: Ätiýaçdaky duşuşyklaryň bir çetinden ýeňiş bilen giren «Altyn asyr» ikinji duşuşygynda deňme-deň hasap bilen oýnady. Bu gezek bolsa...

Galan duşuşyklaryň hemmesinde-de ýeňse-de: ...utuk babatynda «Altyn asyr» indi üçünji aýlawa çenli ýaryş tertibinde «Ahaldan» öňe geçip bilmeýär. Indi gazanyljak ýeňişler «aragatnaşykçylara» «Ahaldan» yza galmazlyk üçin gerek bolar.

Ýedinji basgançak we altynjylyga talap: Bu ýeňişden soň, ýaryş tertibinde ýedinji orna geçen «Merw» ýene-de bir ýeňiş gazansa, altynjy orundaky «Aşgabat» bilen hem arany bir utuga çenli ýygrar.

«Merw» hiç kimiň başarmadygyny başardy: «Merw» soňky iki möwsümde «Altyn asyry» yzygider iki duşuşykda ýeňen ýeke-täk topardyr.

Tapgyrda 8 gol: Şeýlelikde, 5-nji tapgyryň duşuşyklarynda derwezelere jemi 8 gol geçirildi.

Myhmançylyk şeýle kynmy?: Şu ýyl çempionatda 3 gezek ýeňlen «Altyn asyr» şol duşuşyklaryň üçüsinde-de myhmançylykda çykyş etdi.

Ýeňişli ýubileý: Şu duşuşyk «Merwiň» Ýokary ligadaky 730-njy duşuşygydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň