Soňky habarlar

Arhiw

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gazy gaýtadan işlemek, aragatnaşyk we bilim ulgamlaryny ösdürmek meselelerine garaldy

11:2025.06.2017
0
6641

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna, Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatyna degişli, milli we pudaklaýyn maksatnamalary ýerine ýetirmek, öňde boljak halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen iri çäreler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Milli Liderimiziň sebit we dünýä ähmiýetli oňyn başlangyçlaryny ilerletmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň başynda döwlet Baştutanymyz merdana halkymyzyň durmuşynda uly ähmiýeti bolan mukaddes Oraza baýramynyň ýetip gelýändigini belledi. Haýyr-sahawatyň, ýagşylygyň, agzybirligiň hem-de ynsanperwerligiň baýramy bolan Oraza baýramy adamzadyň beýik ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýär we halklary biri-birine ýakynlaşdyrýar. Bu baýramyň many-mazmunynda biziň beýik medeniýetimiz, gadymyýetden gelýän däp-dessurlarymyz, ynanç-adatlarymyz öz beýanyny tapýar. Şoňa görä-de, bu baýramy halkymyz giňden belläp geçýär diýip, milli Liderimiz belledi we hökümet agzalaryny, olaryň üsti bilen tutuş watandaşlarymyzy ajaýyp dabara bilen gutlady hem-de hemmelere berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadan durmuş arzuw etdi.

Goý, Oraza aýynda il-günümiziň agzybirligi, abadançylygy, Garaşsyz Watanymyzyň asudalygy hem-de gülläp ösmegi üçin edilen doga-dilegler, namaz-orazalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Oraza baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy iýuny iş güni däl diýip, yglan etmek baradaky Permana gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer zähmet gatnaşyklary babatda kadalaşdyryş-hukuk namalaryny kämilleşdirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Häzirki döwürde bu ulgamda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, ýurdumyzyň Içeri işler ministrligi tarapyndan iş berijiler zähmet depderçeleri bilen ýeterlik derejede üpjün edilýär. Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hakyndaky Düzgünnamada kesgitlenen esasy ugurlara laýyklykda, edaralarda hem-de kärhanalarda işleýän raýatlar, guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, baglaşylan şertnama esasynda işleýän aýry-aýry adamlar baradaky esasy resminama degişli Zähmet kodeksine birnäçe üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, zähmet ulgamyny kadalaşdyrmak hem-de Zähmet kodeksiniň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wezipeleriň möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz öňe sürülýän başlangyçlaryň durmuş-ykdysady ösüşiň uzakmöhletleýin ugurlaryny nazara almak bilen, ilatyň iş bilen üpjünçiligine we döwlet goraglylygyna ýardam berjekdigini belläp, bu meseläni degişli pudak düzümleri hem-de Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew döwlet Baştutanymyzyň iri gaz we nebithimiýa pudaklaryny döretmek boýunça ýakyn on ýyla niýetlenen taslamalary işläp taýýarlamak barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu resminama sebit we dünýä bazarlaryndaky ýagdaýlary hem-de gazhimiýa önümlerine islegleri seljermek arkaly işlenip taýýarlanyldy.

Hususan-da, Lebap welaýatynda ýerleşýän Bagaja gaz käninde tebigy gazy gaýtadan işleýän desganyň durkuny täzelemek hem-de onuň binýadynda ýylda 80 müň tonna butadiýen-sirol kauçugy we 45 müň tonna polistirol öndürjek gazhimiýa toplumyny gurmak meýilleşdirilýär.

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň çäginde ýerleşýän Töreşyh käninde öndürilýän tebigy gazy gaýtadan işläp, kuwwaty ýylda 13 müň tonna suwuklandyrylan gazy öndürjek desgany gurmak göz öňünde tutulýar.

Daşoguz welaýatynda Ýylanly gaz gysyjy desgasynyň golaýynda ýerleşýän Merkezi Garagum gaz ýataklar toplumynda iri maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek teklip edilýär. Onuň çäklerinde 2 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işläp, ýylda 70 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndürjek zawod gurlar. Bu zawodyň desgalarynyň ikinji tapgyry ýylda 200 müň tonna pes dykyzlykly polietilen öndürmäge niýetlenendir.

Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde ýylda 1,5 milliard kub metr tebigy gazy we 117 müň tonna tehniki duzy gaýtadan işläp, ýylda 200 müň tonna pes dykyzlykly çyzykly polietilen, 390 müň tonna polipropilen, 100 müň tonna poliwinilhlorid, 10 müň tonna suwuk hlor, 82 müň tonna kaustik soda we 10 müň tonna duz kislotasyny öndürjek gazhimiýa toplumyny gurmak meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, ýylda 4 müň tonna etilen gazyny we 2 müň tonna metanol önümini gaýtadan işläp, ýurdumyza uly möçberlerde daşarky bazarlardan getirilýän metildietanolamin himiki serişdesini öndürjek desgany gurmak göz öňünde tutulýar.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan Mary welaýatynda karbamidi we metanoly gaýtadan işläp, ýylda 15 müň tonna karbamidli formaldegid konsentratyny öndürjek desgany gurmak teklip edilýär.

Bilermenleriň seljermelerine laýyklykda, 2030-njy ýyla çenli A-95 benzinine we dizel ýangyjyna bolan isleg, takmynan, iki esse artar. Şundan ugur alnyp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň toplumy işlenip taýýarlanyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna başga-da birnäçe maýa goýum taslamalary hödürlenildi. Olary çykarylýan nebitiň we gazyň möçberlerini artdyrmagyň hasabyna, amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Wise-premýeriň hasabatynyň çäklerinde ýokarda agzalan gazhimiýa önümleriniň giňden ulanylýandygyny aýdyňlyk bilen görkezýän şekiller görkezildi. Bularyň ählisi halk hojalygynyň dürli pudaklarynda giňden ulanylýan önümlerdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini netijeli ulanmagyň Türkmenistanyň ýakyn we uzak möhletli geljek üçin ykdysady strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmäge, şol sanda nebithimiýa senagatynyň kärhanalaryny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga, tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze döwrebap toplumlary gurmaga degişli wajyp wezipelere ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumynyň ähli ulgamlaryna serişdeleri tygşytlaýan öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasion ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyrmagyň, bu ulgamda dünýäniň esasy nebitgaz kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň wajypdygy bellenildi.

Milli Liderimiz gazhimiýa pudagyny ösdürmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň sebitleri toplumlaýyn senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän eksport önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça wezipeleri çözmäge ýardam etmelidigini belledi.

Türkmenistanyň “mawy ýangyjyň” gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini nazara almak bilen, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň bu ulgamyny ösdürmek örän wajypdyr. Bu babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, ýapon işewürleriniň gazy gaýtadan işleýän toplumlary, himiýa senagatynyň we elektroenergetikanyň desgalaryny gurmak boýunça taslamalara işjeň gatnaşýandygyny aýdyň mysal hökmünde görkezdi.

Ýaponiýa öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak babatda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär, şoňa görä-de, Türkmenistanyň innowasiýa ulgamynda, şol sanda bar bolan ylalaşyklaryň we şertnamalaryň çäklerinde ýapon kompaniýalary bilen gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanmasy kanunalaýyk ýagdaýdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Günorta Koreýanyň dünýäde belli “Samsung” kompaniýasynyň hem ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşydygyny belledi. Şeýle-de, döwlet Baştutanymyz bu wajyp taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine türkmen telekeçilerini hem giňden çekmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda sebitlerde galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Häzirki döwre çenli ýurdumyz boýunça 847 müň tonnadan gowrak galla hasyly ýygnalyp, kabul ediş bölümlerinden ammarlara we elewatorlara bökdençsiz ugradylýar. Galla oragy bilen bir hatarda, ýerlerde sürüm işleri we aralyk ekinleri ekmek güýçli depginde barýar. Şeýle hem gowaçalara ideg işleri, hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär.

Şeýle hem tabşyrylan bugdaý hasyly üçin gallaçy kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň geçirilýändigi, gök we bakja önümleriniň mukdaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzda gök, bakja we miwe önümleriniň önümçilik möçberleri ýokarlandyrylýar, olaryň ösdürilip ýetişdirilýän çäkleri yzygiderli giňeldilýär. Şunlukda, ýurdumyzyň bazarlarynda ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa gök, bakja hem-de miwe önümleriniň bolçulygy döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz galla oragynyň depginini güýçlendirmek we ähli düzümleriň işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamygy tabşyryp, orak möwsüminiň bellenilen möhletde ýitgisiz tamamlanmagy üçin zerur çäreleri görmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda dürli görnüşli gök, bakja we miwe önümleriniň mukdarlaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda ähli zerur tagallalaryň görülmelidigini tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz gowaçalara ideg etmek boýunça ähli agrotehniki çäreleriň degişli derejede ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belläp, bu babatda obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, balyk hojalygy pudagyny ösdürmek boýunça görülýän giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň içerki bazarlarynda azyk bolçulygyny, şol sanda balyk önümleri bilen durnukly üpjün etmek hem-de balyk önümçiligini has-da ösdürmek maksady bilen, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, balyklayň dürli görnüşlerini emeli usulda köpeltmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär.

Şunda öndürijilikli tehnikalaryň herekete girizilmegi bilen suw howdanlarynda arassalaýyş we abatlaýyş işleri dowam edýär. “Ahalbalyk” döwlet kärhanasyna degişli Altyn asyr (610,9 gektar) we Ak bugdaý (737,4 gektar) etraplarynyň çäklerinde ýerleşýän suw howdanlarynda degişli işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde iki howdan boýunça umumy meýdany 713 gektar ýerde degişli işler tamamlandy.

Balyklaryň ýokary hilli iýmit bilen üpjünçiligini gowulandyrmak üçin Altyn asyr etrabynyň çäginde 55 gektar ýerde degişli iýmlik ekinleri ösdürilip ýetişdirilýär.

Mundan başga-da, emeli suw howdanlaryny netijeli peýdalanmak, ösdürilip ýetişdirilýän balyklaryň mukdaryny, Türkmenistanyň içerki suw howdanlarynda balyk gorlaryny yzygiderli artdyrmak maksady bilen, balyklaryň dürli görnüşlerini inkibatorlarda köpeltmek boýunça senagat önümçiligi ýola goýuldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda gaýtadan işleýän pudagynyň, ýokary hilli azyk harytlarynyň önümçiliginiň ösdürilmegine, şol sanda balyk önümleriniň mukdarynyň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Milli Liderimiz täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, döwrebap balyk senagatyny döretmek maksady bilen, balyklary saklamaga niýetlenen häzirkizaman desgalarynyň gurulmagy netijesinde, bu pudagyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň esasy tebigy baýlyklarynyň biri bolan suw biologik serişdelerini netijeli we aýawly peýdalanmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Ilatyň dürli görnüşli we ýokary hilli diri balyk hem-de onuň gaýtadan işlenen önümleri bilen bökdençsiz üpjünçiliginiň wajypdygyny belläp, milli Liderimiz bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

Ýurdumyzyň howdanlaryndaky awlanýan balyklary ylmy esasda ösdürmek boýunça zerur işleriň alnyp barylmalydygyna ünsi çekip, milli Liderimiz wise-premýere bu ulgamda ylmy barlaglary hem-de işläp taýýarlamalary alyp barýan alymlar we hünärmenler bilen ýygjam gatnaşyklary saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynyň ulag düzümini, ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň häzirki zaman ulgamlaryny ösdürmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ulag we demir ýollary, köprüleri gurmak boýunça alyp baryýan işleri barada hasabat berdi.

Hususan-da, türkmen-eýran serhediniň çäginde “Sarahs-Sarahs” gözegçilik-geçiriş bölüminde Tejen derýasynyň üstünden geçýän täze köpriniň gurluşygy hakynda maglumat berildi. Köpriniň umumy uzynlygy 96 metre deňdir. Desganyň bir gije-gündiziň dowamyndaky geçirijilik ukyby 2 müň awtoulaga çenli bolar. Bu möhüm desgadaky gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy.

Şeýle hem umumy uzynlygy 105 kilometr bolan we täze köprä gelýän Tejen-Sarahs ulag ýoluny düýpli abatlamak işleri geçirildi. Onuň ulanmaga berilmegi goňşy döwletleriň arasynda söwda-haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artmagyna, halkara yzygiderli gatnawlaryň ýokarlanmagyna ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarň ýokary derejä eýedigini belläp, iki ýurduň arasyndaky ulag gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň dürli pudaklardaky netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin oňyn şertleri döredýändigini aýtdy. Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň esasynda müňýyllyklara uzap gidýän taryhy umumylyklar bar diýip, milli Liderimiz belledi.

Häzirki döwürde Tejen-Sarahs-Maşat demir ýolunyň, Körpeje-Gurtguýy we Sarahs-Hangeran gaz geçirijisiniň, “Dostluk” suw howdanynyň, şeýle hem köpsanly senagat desgalaryň gurluşygy ýaly bilelikdäki iri taslamalar halklarymyzyň bähbidine we olaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmegine hyzmat edýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz ählumumy ulag syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäk taýdan amatly ýerleşen Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň ulag mümkinçilikleriniň goşulyşmagyny üpjün etjekdigini aýtdy. “Demirgazyk-Günorta” ulag ugrunyň möhüm bölegi bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran polat ýoly bu babatda möhüm ähmiýete öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň sazlaşykly ösýän ykdysadyýetiniň ýurdumyzyň ulag ulgamynyň öňünde diňe bir düzümiň geçiriş ukybynyň ýokarlanmagyny, aragatnaşyk düzümleriniň kemala gelmegini şertlendirýän mümkinçilikleri döretmek däl, eýsem, dolandyryş ulgamyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça wajyp talaplary goýýandygyny belledi. Halkara gatnaşyklaryň okgunly ösýän döwründe ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçelgelerini uzakmöhletleýin esasda ösdürmek boýunça möhüm çözgütleriň ýerine ýetirilmegi talap edilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow 4–6-njy iýulda Aşgabat şäherinde Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň sergisini geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde geçiriljek sergä Hytaýyň elektrik enjamlaryny, gurluşyk materiallaryny, oba hojalyk we gurluşyk tehnikasyny, metal hem-de plastika önümlerini, dokma önümlerini we halylary hem-de azyk önümlerini öndürýän kompaniýalary, şeýle hem nebitgaz we himiýa senagatynda, ulag we logistika, aragatnaşyk, saglygy goraýyş we derman senagaty, söwda ulgamlarynda işleýän kompaniýalar gatnaşar.

Wise-premýer şeýle hem 10-12-nji iýulda GFR-iň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde “Türkmenistan –Germaniýa: geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” atly çäräni geçirmek boýunça alnyp barylýan guramaçylyk işleri barada hasabat berdi. Bu çäräniň çäklerinde ikitaraplaýyn işewürler maslahaty hem-de Aziada-2017-ä bagyşlanan sergi geçiriler.

Türkmen-german işewürler maslahatyna GFR-iň döwlet edaralarynyň we guramalarynyň, şeýle hem kompýuter tehnologiýalary, nebitgaz we himiýa senagaty, energetika, gurluşyk we gurluşyk materiallarynyň önümçiligi, maşyngurluşyk, oba hojalyk we azyk senagaty, ulag we logistika, aragatnaşyk pudaklarynda, bank, ätiýaçlandyryş, saglygy goraýyş we bilim ulgamynda işleýän iri kompaniýalaryň wekilleri gatnaşar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Hytaýda öndürilýän harytlaryň sergisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz bu çäräniň Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmekde, köp ugurlar boýunça söwda-ykdysady gatnaşyklaryň täze ýollaryny gözlemekde nobatdaky ädim bolmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz şeýle hem ýurdumyzyň senagat kärhanalaryň işini täze derejä çykarmak maksady bilen, Germaniýanyň esasy önüm öndürijileri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belledi.

HHR-iň harytlarynyň Aşgabatdaky sergisi hem-de GFR-de geçiriljek işewürler maslahaty Türkmenistanyň Aziýanyň we Ýewropanyň ýurtlary bilen deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda guraýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge we däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga saldamly goşant bolmalydyr. Döwlet Baştutanymyz halkara ähmiýetli şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmeginiň wajypdygyny aýdyp, olaryň ýurdumyzyň pudaklarynyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga, türkmen ykdysadyýeti üçin ileri tutulýan ugurlarda olaryň eksport we innowasion kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam etmelidigini belledi.

Şol bir wagtyň özünde halkara işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegi halk hojalygynyň dürli pudaklaryna we durmuş ulgamyna daşary ýurt maýalaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge mümkinçilik berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy we wise-premýere bu wezipeleri çözmekde ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Bilim ministrligi tarapyndan 2017-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde halk hojalygynyň zerurlyk üçin täze hünärleri we ugurlary girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, asylly däbe görä, umumybilim berýän orta mekdepleriň 1-nji synp okuwçylaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan sowgat hökmünde kompýuterleri satyn almak meseleleri boýunça hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, bu ugurda degişli işler alnyp barylýar. Umuman, kompýuterleriň 142 müň 819-sy satyn alnar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimize şu okuw ýylynda 1-nji synpa geljek okuwçylara niýetlenen kompýuterleriň nusgalary görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýaş nesillere ýokary hilli bilim almak, halk hojalyk pudaklarynda işjeň ulanylýan döwrebap bilimleri özleşdirmek üçin ähli mümkinçilikleriň üpjün edilýändigini belledi. Häzir ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna, Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýokary hünärli, täzeçil pikirlenip bilýän, öňde goýulýan jogapkärli we möhüm meseleleri netijeli çözmäge ukyply işgärlere bolan gyzyklanmalaryň yzygiderli artmagyny şertlendirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Bilimiň jemgyýetimiziň we döwletimizň sazlaşykly ösüşiniň pugta binýadydygyny belläp, milli Liderimiz bu ulgamyň mundan beýläk-de ösüşi, ýurdumyzyň ýaşlarynyň ösen aň-düşünjeli bolmagy, ukyplaryny we zehinlerini durmuşa geçirip, saýlap alan hünärini netijeli özleşdirip bilmegi üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz görkezilen okuw kompýuterleriniň nusgalary bilen tanşyp we olary makullap, 1-nji synp okuwçylary üçin niýetlenen kompýuterleri satyn almak babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe we mejlise gatnaşyjylaryň ählisine ýüzlenip, baý taryhymyzda merdana halkymyzyň görnükli wekilleriniň atlarynyň saklanyp galandygyny, olaryň asylly işleri bilen adamzadyň hakydasynda özleri barada ýagşy ýatlamalary hemişelik goýandygyny belledi. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçmişde ýaşap geçen görnükli şahsyýetleriň atlaryny ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dakyp, ebedileşdirmegiň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy. Şeýle edilse, şol mekdeplerde okaýan ýaşlar öz şöhratly ata-babalaryny tanarlar hem-de olara meňzemäge çalşarlar. Belki, häzirki ýaşlardan hem geljekde halkymyza şöhrat getirjek şolar ýaly görnükli adamlar ýetişerler diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew ýurdumyzda iýul aýynda baýramçylyklara hem-de şanly senelere gabatlanylyp geçiriljek hem-de täze durmuş-medeni maksatly binalaryň ulanylmaga berilmegi mynasybetli guraljak medeni çäreler barada hasabat berdi.

Iýul aýynda Galla baýramy, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli teatrlarda, muzeýlerde, çagalar dynç alyş merkezlerinde, saglygy goraýyş edaralarynda maslahatlar, aýdym-sazly dabaralar göz öňünde tutulýar.

Çäreleriň birnäçesi öňümizdäki sport forumyna – Aziada-2017-ä bagyşlanýar. Paýtagtymyzyň Abadan etrabynyň köpugurly sport toplumynda aýdym-sazly sport dabarasy, Aşgabatda hem-de welaýatlarda 29-njy iýulda V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 gün galmagy mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňümizdäki baýramçylyk çäreleriniň hem-de medeni-köpçülikleýin dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz bu çäreleriň ählisiniň türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhuny beýan etmelidigini, halkymyzyň ruhy mirasyny bütin dünýäde wagyz etmäge ýardam bermelidigini belledi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjek halkara medeni çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek boýunça hem birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra milli Liderimiz wise-premýerler A.Garajaýewe we B.Annameredowa ýüzlenip, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek günlerinde Aşgabada geljek syýahatçylar üçin elýeterli töleglerden dikuçarda syýahatlary guramak meselesine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz syýahatçylara ýokardan paýtagtymyzy, Olimpiýa şäherjigini we olaryň daş-töweregini, hem-de beýleki täsin we gözel ýerleri görkezmegiň möhümdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa oýunlaryna syýahatçylary çekmek boýunça mahabatlandyryş çäreler barada aýdyp, wise-premýerler A.Garajaýewe, S.Toýlyýewe, R.Meredowa, B.Annameredowa häzirden başlap Türkmenistan, ahalteke bedewleri, ýurdumyzyň ajaýyp tebigaty, türkmen halylary, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hem-de taryhy ýadygärliklerimiz barada söhbet açýan owadan kitapçalary taýýarlamagy tabşyrdy.

Ýurdumyzda täsin we gözel ýerler az däl. Şol ýerlere syýahat etmek isleýän adamlar üçin awiapetekleriň nyrhlaryna wagtlaýyn indirimleri hem girizip bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bu çäreleriň ýurdumyza syýahatçylary has köp çekmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de «Aý Nazar» öýjükli aragatnaşyk ulgamyny işe girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer milli Liderimiziň ilatymyzy ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek babatda beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň düzüminde “Aý Nazar” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň döredilýändigini habar berdi. Ol öz hyzmatlaryny “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň hereket edýän tehniki binýadynda amala aşyrar.

Häzirki wagtda hemme ýerde aragatnaşygyň şu görnüşiniň telefon nokatlaryny gurnamak boýunça degişli çäreleriň görülýändigi, hünärmenler üçin ýörite okuwlaryň geçirilýändigi habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudaklaýyn düzümi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, öňdebaryjy enjamlary we täzelikleri ulanmagyň netijesinde ýurdumyzda aragatnaşygyň köpşahaly ulgamynyň üstünlikli hereket edýändigini, maglumat serişdeleriniň terminalynyň işlenip taýýarlanylýandygyny aýtdy. Telefon beketleriniň ösen awtomatlaşdyrylan ulgamy ilatymyza ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlaryny hem-de Internet ulgamyna goşulmak üçin ýokary tizlikli ulgamlary üpjün edýär.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda aragatnaşyk tehnologiýalarynyň her bir raýat üçin elýeterli bolmagy babatda ähli şertleriň döredilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz “Aý Nazar” öýjükli aragatnaşyk ulgamyny döretmek maksady bilen alnyp barylýan işleri makullap, birnäçe möhüm guramaçylyk işlerine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz, ozaly bilen, täze aragatnaşyk ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilmeginiň, beýleki tehniki-guramaçylyk meselelerini hemmetaraplaýyn hem-de oýlanyşykly seljermegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi hem-de bu ugurdaky işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň alyp barýan işi barada hasabatyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýurdumyza bolan saparynyň jemleri boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda ýurdumyzyň köp ýyllaryň dowamynda giň ugurlar boýunça işjeň gatnaşyklary ýola goýýan BMG bilen möhüm hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 12-14-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň Türkmenistana sapary boldy. Onuň dowamynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bu iri halkara guramasynyň ýolbaşçysynyň arasynda geçirilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň gün tertibine sebit hemde ählumumy möçberde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, terrorçylyga garşy göreşmek, ýaragsyzlanmak meselesi, energetika, ulag, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ugurlary, Durnukly Ösüş Maksatlaryny ýetmek ýaly möhüm ugurlardaky tagallalary birleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň saparynyň çäklerinde, 13-nji iýunda BMG-niň Ählumumy terrrorçylyga garşy strategiýasyny sebit derejede ýerine ýetirmek boýunça halkara duşuşygy geçirildi. Onuň jemleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan terrrorçylyga garşy hereket etmek baradaky Aşgabat jarnamasy kabul edildi. Häzirki döwürde DIM bu Jarnamany BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň we BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň resminamasy hökmünde beýan etmek maksady bilen ägirt uly iş alyp barýar.

Şeýle hem Jarnamada BMG-niň Baş sekretarynyň terrorçylyga garşy göreş baradaky täze Müdirligi döretmek hakyndaky başlangyja goldawy mälim edilýär. Şunuň bilen baglylykda, 15-nji iýunda BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasynyň esasynda bu müdirlik resmi taýdan döredildi.

15-nji iýunda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Daşary işler ministrliginde hormatly Prezidentimiz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň jemlerine bagyşlanan duşuşyk guraldy.

21-nji iýunda DIM-de “Birleşen Milletler Guramasy—Merkezi Aziýa: sebitleýin gatnaşyklary giňeltmegiň taryhy, ykdysady we durmuş ugurlary” atly maslahat geçirildi. Duşuşygyň barşynda häzirki döwürde täzeden dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda strategiki taýdan möhüm çatrykda ýerleşýän Türkmenistanyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda syýasy, söwda we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan önjeýli goşandy hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýan döredijilikli halkara başlangyçlarynyň ägirt uly ähmiýete eýedigi bellenildi.

13-nji iýunda BMG-niň Baş sekretarynyň saparynyň dowamynda paýtagtymyzda geçirilen gepleşiklerde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda dürli ugurlarda ýola goýulýan gatnaşyklaryň ägirt uly mümkinçiliklere eýedigi tassyklanyldy. Belent mertebeli myhman ýurdumyzyň gazanýan ägirt uly üstünliklerini belläp, munuň döwlet Baştutanynyň ýolbaşçylygynda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň anyk netijesidigini nygtady we BMG-niň örän jogapkärli hem-de ygtybarly hyzmatdaş hasaplanýan Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillidigini mälim etdi.

Şeýle hem ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň ýakyn wagtda Tokioda geçiriljek 12-nji mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Şunuň bilen baglylykda, Aziýa-Ýuwaş umman sebitleriniň döwletleri, şol sanda Ýaponiýa bilen özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.

2013-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa we 2015-nj ýylyň oktýabrynda Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana bolan resmi saparlarynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan möhüm ylalaşyklar netijeli türkmen-ýapon gatnaşyklaryny giňeltmek üçin täze gözýetimleri açdy.

Komitetiň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri girizildi.

Hormatly Prezidentimiz BMG bilen hyzmatdaşlyk meselelerine ünsi çekip, Bitarap Türkmenistanyň bu iri halkara guramasy bilen möhüm gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge meýillidigini belledi. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we “açyk gapylar” ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz sebit we ählumumy möçberde parahatçylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegine, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözülmegine, Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetilmegine mynasyp goşant goşýar.

BMG-niň öňdebaryjy edaralary we ugurdaş düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirip, Türkmenistan netijeli tagallalaryň birleşdirilmegine, özüniň baý döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň hyzmatyna goýmaga ygrarlydygyny yzygiderli mälim edýär. Ýurdumyz işjeň deňhukukly halkara gatnaşyklary, dostluk, birek-birege düşünişmek we dünýäniň döwletleriniň hem-de halklarynyň arasynda ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin köpugurly binýat bolup durýan Birleşen Milletler Guramasynyň abraýynyň we ornunyň berkidilmeginiň tarapynda durýar.

Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen BMG-niň däp bolan hyzmatdaşlygynyň özara gatnaşyklaryň ägirt uly tejribesine daýanyp, kuwwatly itergä eýe bolandygyny hem-de öz mazmunyny has-da baýlaşdyrandygyny aýtdy. Türkmen tarapynyň halkara başlangyçlary Milletler Bileleşiginiň ykrarnamasyna we goldawyna eýe bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi, energetika howpsuzlygyny, ulag ulgamyndaky gatnaşyklary üpjün etmek boýunça başlangyçlary bilen baglanyşykly Kararnamalary iki gezek kabul etmegi, şeýle hem 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýurdumyza bolan saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyna täze möhüm sahypany ýazandygyny belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna BMG bilen hyzmatdaşlyk, onuň köptaraply kuwwatyny durmuşa geçirmek üçin bar bolan mümkinçilikleri doly amala aşyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen-ýapon gatnaşyklary baradaky gürrüňe geçip, Ýaponiýanyň Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi. Bu gatnaşyklar uzakmöhletleýin geljegi nazarlamagyň esasynda ýola goýulýar. Biz Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine we köpugurly esasda ösdürilmegine ähmiýet berýäris. Munuň özi däp bolan dostluk we işewür bähbitler esasynda ýola goýulýar hem-de gatnaşyklar ägirt uly serişdeler, ykdysady mümkinçilikler, iki döwletiň milli ykdysadyýetleriniň birek-birege goldaw berýändigine daýanýar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde Türkmenistanda Ýaponiýanyň dünýä belli kompaniýalarynyň birnäçesi işleýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän we durmuş-ykdysady, senagat taýdan okgunly ösüşine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalary hem-de taslamalar işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegi we Ýaponiýanyň tejribesiniň köp pudaklara, hususan-da, ylmy ugurlara hem-de maýa goýum pudagyna çekilmegi üçin oňyn şertleri döredýär.

Ylym we bilim ugurlaryndaky döwletara gatnaşyklary işjeň höweslendirilýär we onuň üsti ýetirilýär. Şunda, geçen ýyl Aşgabatda Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň açylmagy şanly waka öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemek üçin bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde Bilelikdäki türkmen-ýapon komitetiniň işine möhüm ornuň degişlidigini belläp, öňde boljak we anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdiriljek mejlise ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, durmuş-ykdysady özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, parlamentiň komitetlerinde täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak, degişli namalara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada habar berdi. Deputatlar ýerlerde öz saýlawçylary hem-de ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri bilen işjeň gatnaşyk saklap, saýlawçylaryň tekliplerini, arzuw-isleglerini öwrenýärler.

Şeýle hem deputatlar Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary we içeri syýasatyny ilat arasynda wagyz etmek, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine, ýurdumyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen kanunçylyk namalarynyň düzgünlerini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde düşündirmek boýunça işleri alyp barýarlar.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy milli Liderimiziň parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek bilen baglanyşykly başlangyçlaryny durmuşa geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hem aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz deputatlaryň ünsüni jemgyýetimiziň syýasy we hukuk medeniýetini ösdürmek, raýatlyk edaralarynyň ornuny pugtalandyrmak ýaly möhüm meselelere çekdi. Ähli kanunçylyk işi jemgyýetiň anyk bähbitlerine laýyk gelmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz deputatlaryň döwletimiziň kanunçylyk namalarynda durmuş ulgamyny durmuşa geçirmekde ilatyň bähbitlerine ähmiýet bermekleriniň wajypdygyny aýtdy.

Milli kanunçylyk ulgamyna öňdebaryjy tejribeleriň hem-de halkara ülňüleriniň öwrenilmeginiň we işjeň ornaşdyrylmagynyň, möhümdigini belläp, milli Liderimiz milli kanunçylyk ulgamynyň halkara hukuk kadalary bilen utgaşdyrylmalydygyna aýratyn ünsi çekdi.

Şeýle hem mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hem-de türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň