Soňky habarlar

Arhiw

Aziada-2017-niň başlanmagyna 50 gün galmagy mynasybetli Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler

11:0425.06.2017
0
5464

Türkmenistanda iýul aýynda şanly senelere hem-de durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylmagyna gabatlanyp, birnäçe baýramçylyk çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Çäreleriň birnäçesi şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanar. Olaryň hatarynda Abadan etrabyndaky köpugurly sport toplumynda guraljak sazly sport baýramçylygy hem-de Aşgabatda we welaýatlarda Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 gün galmagy mynasybetli 29-njy iýulda guralmagy göz öňünde tutulýan köpçülikleýin welosipedli ýöriş bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň