Soňky habarlar

Arhiw

Aziada-2017 döwründe syýahatçylar üçin dikuçarda tanyşlyk gezelençleri guralar we awiapetekleriň bahasy peseldiler

10:5425.06.2017
0
11805

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabada geljek syýahatçylar üçin dikuçarda tanyşlyk gezelençleri guralar hem-de ýerli howa gatnawlarynyň awiapetekleriniň bahasy peseldiler. Bu baradaky teklibi anna güni, 23-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz myhmanlara paýtagtymyzy we onuň töwereklerini, Olimpiýa şäherjigini hem-de beýleki gözellikleri, şeýle hem tebigatyň owadan künjeklerini belentlikden görkezmelidigini belledi.

Biziň ýurdumyzda owadan ýerler örän köp. Şol ýerlere baryp görmek isleýänler üçin awiapetekleriň bahalaryny wagtlaýynça aşak düşürip bolar diýip, döwlet Baştutanymyz teklip etdi hem-de şeýle çäreleriň has köp syýahatçylary çekmäge mümkinçilik berjekdigini nygtady.

Aşgabat-2017 taslamasyna Türkmenistanda sport we örän uly jemgyýetçilik-syýasy ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzir sport adam gatnaşyklarynyň möhüm ýagdaýyna, döwletleriň we halklaryň, dürli ynançlaryň we konfessiýalaryň adamlarynyň arasynda özara düşünişmegiň we hoşniýetliligiň guralyna öwrülýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň