Soňky habarlar

Arhiw

Ýokary liga — 2017: 5-nji tapgyryň "Merw" — "Altyn asyr" duşuşygyna syn

16:2523.06.2017
0
1361

«Merw» — «Altyn asyr»

Mary ş. «Energetik» stadiony. 24.06.2017 ý.

Senesi üýtgedilen ýedi duşuşygyň ikisinden dört utuk alyp bilen «Altyn asyr» liderlik ugrundaky ýaryşda ýara alanam bolsa, entek umyt doly sönenok. Öňde bäş duşuşyk bar. Şolaryň ählisinde ýeňiş gazanyp, 15 utuk alyp bilse, topar «Ahaldan» 3 utuk öňe saýlanyp, birinji orna çykyp biler. Ýöne öňde duran bäsdeşleriň «Merw», «Balkan», «Şagadam» bolsa bu-da aňsat däl.

«Altyn asyr» şu ýyl «Merw» bilen ilkinji gezek duşuşýar. Ikinji aýlawdaky duşuşyk hem 4-nji iýula geçirilipdi. Ýaryş tertibinden çen tutsaň-a, duşuşygyň rüstem tarapy, gürrüňsiz, «Altyn asyr». Ýöne geçen ýyl «Merwiň» «Altyn asyry» Aşgabatda ýeňip bilen ýeke-täk topar bolandygyny hem ýatdan çykarmaly däl.

Duşuşygyň netijesi ýaryş tertibine nähili täsir eder? Garaşylyşy ýaly, «Altyn asyr» ýeňiş gazansa, 28 utuk bilen üçünji orna çykar. Edil «aragatnaşykçylar» ýaly 28 utukly «Şagadam» bu utugy 14 duşuşykda ýygnady, şonuň üçin hem «aragatnaşykçylaryň» ýeňşi «kenarlylary» gös-göni dördünji orna düşürýär. «Merw» ýeňiş gazansa, ýedinji orna çykyp biler. Häzir sekizinji orundaky «Merw» bilen ýedinji orundaky «Köpetdagyň» arasynda bary-ýogy bir utuk bar.

Eger duşuşyk «Altyn asyryň» peýdasyna tamamlansa, «aragatnaşykçylar» «Ahaldyr» «Şagadam» bilen birlikde şu ýyl myhmançylykda iň kän, ýagny dört ýeňiş gazanan toparlaryň biri bolar.

Bu duşuşyk «Merwiň» çempionatdaky 730-njy duşuşygydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň