Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi

23:4821.06.2017
0
5449

21-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Birleşen Milletler Guramasy — Merkezi Aziýa: sebitleýin gatnaşyklary giňeltmegiň taryhy, ykdysady we durmuş ugurlary” ady bilen “tegelek stoluň”  başyndaky duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga  Birleşen Milletler Guramasynyň hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Ý.Panowa, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň syýasy meseleler baradaky geňeşçisi A.Tolstuhin, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň  ýolbaşçylary we beýlekiler gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan  Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklar ähli ugurlar boýunça ösdürilýär. Şunda taraplar hyzmatdaşlygy  işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Muňa Aşgabatda 13-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň arasynda uly üstünlik bilen geçirilen gepleşikler hem aýdyň şaýatlyk edýär, gepleşikler Durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryna ýetmekde hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny tassyklady.

DIM-de geçirilen şu gezekki duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” syýasaty netijesinde Türkmenistan ähli  gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlar bilen, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň, ozaly bilen bolsa BMG-niň çäklerinde  özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge çalyşýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň oňyn başlangyçlarynyň Merkezi Aziýada goşulyşmak we durnukly ösüş, parahatçylygy, durnuklylygy hem-de  howpsuzlygy  pugtalandyrmakda ähmiýeti aýratyn bellenildi.  

Şeýle hem Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde  hyzmatdaşlyk meseleleri, Öňüni alyş diplomatiýasynyň  Merkezi Aziýada hyzmatdaşlygy berkitmekde  ähmiýeti, täze görnüşde gaýtadan dikeldilen  Beýik Ýüpek ýolunyň sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmekde eýeleýän orny  barada pikir alyşmalar boldy, onuň  ykdysady ugurlary, BMG-niň Çagalar gaznasynyň çaganyň ösmegi üçin durmuş şertlerini döretmek boýunça alyp barýan işleriniň ugurlary, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine goşýan goşandy ara alyp maslahatlaşyldy. 

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda halkara guramalarynyň işlemegi üçin döredilýän şertlere çuňňur hoşallyk bildirdiler hem-de geljekde hem anyk netijeleriň gazanylmagyna  gönükdirilen Türkmenistan — BMG hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berjekdiklerini ynandyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň