Soňky habarlar

Arhiw

Aziada-2017 barha golaýlaýar

18:5621.06.2017
0
3837

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçiriljek we barha golaýlap gelýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligindäki, galyberse-de sport älemindäki abraýyny has-da belende galdyrar. Aşgabatda geçiriljek yklymyň iri sport ýaryşy Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň taryhynda uly yz galdyrjak şanly wakalaryň biri bolar. Ol ähli ugurlar boýunça rekordlaryň bäsleşigi hökmünde ýatda galar. 

Mälim bolşy ýaly, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň mundan ozal 4 sanysy geçirildi. Türkmenistanda geçirilýän bu oýunlar ozalkydan düýpgöter tapawutlanýar. Oýunlara gatnaşjak ýurtlaryň  sany köpeldi. Aziýa döwletleri bilen bir hatarda Okeaniýa ýurtlary hem gatnaşmaga isleg bildirdi. Bu ýagdaý hem Hytaý, Ýaponiýa, Günorta Koreýa ýaly döwletleriň türgenleri bilen bir hatarda dünýäniň iň kiçi ýurdy hasaplanýan Nuaru ýaly köp sanly ada ýurtlarynyň türgenleri özara bäsleşerler. Şeýle hem Aziýa oýunlary sportyň 21 görnüşi boýunça geçiriler. 

 Aziada-2017 bütin dünýä türkmen paýtagtynyň gözellegini, türkmenleriň hoşniýetliligini hem-de açyklygyny görkezer. 62 ýurtdan 5 müň türgeniň gelmegine garaşylýar. Olardan başga-da, bu iri sport çäresine wekiliýetleriň we toparlaryň beýleki agzalary, köpüçilikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we köp sanly janköýerler geler. Sport ýaryşlaryna petekleriň 600 müňisini satmak meýilleşdirilýär. 

2013-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň hut özüniň gatnaşmagynda, paýtagtymyzda şol döwürde gurulýan Olimpiýa şäherijiginiň “Sport” myhmanhanasynda Aşgabat 2017-niň guramaçylyk komitetiniň ilkinji mejlisi geçirildi. Geçirilen mejlisde, Aziýa oýunlaryny ýokary guramaçylykly  geçirmek maksady bilen, Hormatly Prezidentimiz V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetini döretmek baradaky karara gol çekdi. Şol günden başlap, ýerine ýetiriji komitet Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görüp başlady. Oýunlara taýýarlyk işleri olaryň 70 göterimi ýerli ýokary derejeli hünärmenler, 30 göterimi bolsa “Trivandi Chanzo Limited” atly Beýik Britaniýanyň şereketi tarapyndan amala aşyrylýar. Soňky döwürde beýleki ýurtlarda geçirilen halkara derejeli sport çäreleriň (Baku-2015, Inçhion oýunlary 2013-2014) taýýarlyk işleri bilen deňeşdireniňde, Aşgabat Aziadasy akkreditasiýa, ýaryşlaryň tertipnamasy, meýletinçiler bilen iş geçirmek ýaly ugurlarda has taýýarlykly we amala aşyrýan işler bellenen möhletlerden hem öňde alnyp barylýar. 

Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherjigi barada käbir gyzykly maglumatlar has hem ünsümizi çekýär. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygyna ABŞ-nyň 5 milliard dollaryna golaý serişde gönükdirildi. Bu maýa goýumlary Türkmenistanyň sport geljegine uly goşantdyr. Milli Olimpiýa komitetleriniň wekilietleriniň ýolbaşçylarynyň belleýşi ýaly, Aziadanyň şeýle ajaýyp mirasy bilen Aşgabat özünde Olimpiýa oýunlaryny geçirmäge isleg bildirmäge haklydyr. 

Ýagny, oýunlarynyň geçiriljek şäherçesi şeýle aýratynlyklara eýe: 

- şäherçäniň ýerini saýlap almaklyk meselesinde şu  görkezijiler ulanyldy, ýagny ilatyň gürlük derejesiniň iň ýokary bolmagy, daş-töweregi bolsa okuw jaýlar bilen gurşalmagy, dynç alyş, dürli ýaşly ilat üçin güýmenje ýerleri, ýaşyl zolaklar, jemgyýetçilik ulaglaryň aglabasynyň geçýän ýeri, ýaşaýyş-durmuş maksatly edaralaryň hem ýakynlygy ýaly wajyp amatlyklar göz öňünde tutulandyr. 
- Onuň gurluşygy üçin ulanylan beton materialynyň mukdary 12 gatly jaýlaryň 150 blogyna barabardyr. 
- Ýer işleriniň ýerine ýetirilen göwrümi dünýäde iň uly bolan “Heops” Müsür piramidasynyň göwrümi bilen deňeşdireniňde 5 esse köp bolýar. 
- dürli ýurtlardan gurluşyk üçin materiallary getiren ýük ulaglarynyň ýörän ýollarynyň uzunlygy bolsa, ol dünýäniň daşyndan 750 gezek geçen ýola barabar bolup durýar. 
- desgalaryň daşyna goýlan mermeriň mukdary 62 sany futbol meýdançalarynyň ululygyny öz içine alýar. 

Halkara bilermenleriň pikirine görä, 2016-2017-nji ýyllarda daşary ýurtly wekiliýetleriň gatnaşmagynda geçirilen 9 sany synag ýaryşynyň netijesi boýunça Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň ähli desgalarynyň iri halkara, yklymlaýyn we bütindünýä sport çärelerini geçirmek boýunça ýokary talaplara doly laýyk gelýändigi buýsandyryjydyr. 

Şu ýylyň aprel aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralarynyň guramaçysy hökmünde “Balich Worldwide Shows” kompaniýasy bellendi. Häzirki wagtda bu kompaniýa Türkmenistana gelip, sentýabr aýynda tutuş dünýäni haýran galdyrjak wakany gurnamaga girişdi. 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Aşgabat 2017-niň açylyş dabarasynda sportyň 21 görnüşi boýunça geçiriljek Oýunlaryň resmi açylyşy bolar. 

Umuman Türkmenistan örän iri sport çärelerini ýokary derejede gurnamaga hem-de geçirmäge ukuply döwletleriň hataryna ynamly goşulýar. Öňde boljak oýunlaryň ýurdumyzyň belent gazananlaryny açyp görkezjekdigine hem-de türkmen türgenleriniň ýokary üstünlikleri gazanyp, ýaşyl Tugumyzy al-asmanda pasyrdatjakdygyna pugta ynanýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň