Ýokary liga — 2017: 4-nji tapgyryň "Altyn asyr" — "Ahal" duşuşygyndan soň gyzykly hasaplamalar

17:0321.06.2017
0
5958

«Altyn asyr» — «Ahal» — 0:0.

Ikinji aýlawda: 1 — 2

Aradaşlyk üýtgemedi: Deňlik «Ahal» bilen «Altyn asyryň» ýaryş tertibindäki utuk aralygyny şol durkunda saklady. Indi «Ahal» «aragatnaşykçylaryň» öňde duran duşuşyklarynyň netijesine garaşmaly bolýar.

Aslynda-da...: 4-nji tapgyr gollara baý tapgyr bolmady. Tapgyrda mundan öňki üç duşuşykda-da bary-ýogy 5 gol bar.

Deňlik bilen didarlaşdy: Şeýlelikde, «Altyn asyr» möwsümdäki ilkinji deňlik bilen didarlaşdy. Indi çempionatda duşuşyklary deňlikde tamamlanmadyk ýekeje topar hem galmady.

Ýubileý duşuşyk: Şu tapgyrda «Ahal» Ýokary ligadaky 510-njy duşuşygyny geçirdi.

Goşmaça: Gol ýok, ýöne göreniňe degýän duşuşyk boldy. Biziň pikirimizçe, duşuşygyň ýyldyzy «Ahalyň» «10-lygy» Merdan Gurbanow. Duşuşyk, esasan, meýdanyň ortasyndaky söweş görnüşinde geçdi. Wahyt Orazsähedow, Myrat Ýagşyýew, Altymyrat Annadurdyýew, Arslanmyrat Amanow ýaly hüjümçiler bolsa, köplenç, ýarym goragçylara, käte bolsa goragçylara-da kömege gelmeli boldular. Esasanam, «Ahalyň» hüjümçisi Wahyt Orazsähedow garaşylanyndan juda pes oýny orta goýdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň