Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

02:4520.06.2017
0
3661

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza bu ýurtda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren tokaý ýangyny zerarly gynanç bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna hem-de dogan-garyndaşlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň