Arhiw

Ýokary liga — 2017: 4-nji tapgyryň «Altyn asyr» — «Ahal» duşuşygyna syn

00:1220.06.2017
0
1705

«Altyn asyr» — «Ahal»

20.06.2017 ý. Aşgabat stadiony, 18:30.

Topardan çykyp bilmedik hem bolsa Türkmenistana wekilçilik eden toparlaryň arasynda AFK kubogynda iň gowy möwsümi geçiren «Altyn asyr» ligada öňünde duran 7 sany kyn oýnuň ilkinjisinden üstünlikli geçdi. Galdy 6 oýun.

Ýokary liganyň häzirki lideri «Ahal» çempionlyk ugrundaky ýaryşda «aragatnaşykçylaryň» iň esasy garşydaşy. Hatda ikinji aýlawdaky duşuşykda «Ahal» «Altyn asyry» ýeňlişe hem sezewar edipdi. Eger topar şu duşuşykda hem ýeňiş gazanmagy başarsa, «Altyn asyr» ýaryş tertibiniň başyna geçmek üçin galan 5 duşuşygynda hem ýeňiş gazanmaly bolar.  Emma garşydaşyň «Altyn asyr» bolsa ýeňiş aňsat-aňsat ýetdirdiberenok.

Duşuşyk netijesi boýunça bolup biläýjek ýagdaýlara nazar aýlalyň! Duşuşyk «aragatnaşykçylaryň» peýdasyna tamamlansa, topar üçünji orundaky «Şagadam» bilen arany bir utuga çenli ýygyrýar, «Ahala» bolsa 9 utuga çenli ýakynlaşýar. Eger şeýle bolsa «aragatnaşykçylaryň» çempionatyň ýarysyny liderlikde tamamlamaga mümkinçiligi artýar.

Deňlik toparlaryň ikisi üçin hem juda bir bähbitli däl. «Ahalyň» ýeňşi «Altyn asyryň» liderlik mümkinçiligini azaldýar, ýöne mundan soň hem 5 oýun bar. Şol oýunlarda ýeňiş gazanyp bilse, «Altyn asyr» çempionatyň ýarysyny birinji orunda tamamlar.

«Energetik» bilen geçirilen duşuşykda tapawutlanyp, bombardirlik ýaryşynda Yhlas Magtymow bilen deňleşen Myrat Ýagşyýewe ymykly birinji orna geçmäge mümkinçilik uly. Ýöne bu mümkinçiligiň haýsy tapgyrda dörejekdigini öňünden aýtmak kyn.

Duşuşyk deňlik bilen tamamlansa, bu netije «Altyn asyryň» şu möwsümdäki ilkinji deňligi bolar.

Myrat Annaýew duşuşykda ýekeje gol geçirip bilse, «Ahalyň» düzüminde Ýokary ligada 2013-nji ýyldan bäri 20 gol geçiren dördünji futbolçy bolar.

Bu duşuşyk «Ahalyň» Ýokary ligadaky 510-njy duşuşygydyr. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň