Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komiteti öz işine başlady

23:4019.06.2017
0
12032

19-njy iýunda Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynda “Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Merkezi Aziýa sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähmiýeti” ady bilen Halkara maslahat geçirildi. Bu çäre ýurdumyzyň 2017 — 2019-njy ýyllarda AHHG başlyklyk etmeginiň çäklerinde guraldy.

Maslahata Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň, Bütindünýä bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň, Ýewropada abatlaýyş we ösüş bankynyň wekilleri, daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gatnaşdylar.

Türkmen tarapyndan duşuşyga ýurdumyzyň Daşary işler, Oba we suw hojalyk ministrlikleriniň, Daşky gurşawy goramak we Ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň, ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.

Maslahatyň öňüsyrasynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň (AHHG) Ýerine ýetiriji komitetiniň binasynyň açylyş dabarasy boldy. Ýerine ýetiriji komitetiň edara binasynyň öňündäki meýdançada Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy ýurtlar bolan Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Döwlet baýdaklarynyň galdyrylmagy dabaranyň resmi bölegini alamatlandyrdy.

Soňra çärä gatnaşyjylar Ýerine ýetiriji komitetiň işgärleriniň netijeli işiniň ýola goýulmagy ugrunda döredilen şertler bilen tanyşdylar. Komitetiň öňünde durýan esasy wezipe esaslandyryjy döwletleriň baştutanlarynyň Geňeşiniň, Prezidentiň we Aral deňziniň gurşawyndaky meseleler baradaky Gaznanyň Müdirliginiň çözgütlerini anyk durmuşa geçirmekden, bu sebitde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary ýerine ýetirmekden ybaratdyr. Şeýle hem edara binasynda wekilçilikli duşuşyklary, gepleşikleri, okuw maslahatlaryny geçirmek üçin zerur mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr.

Soňra Oba hojalyk toplumynyň maslahatlar zalynda “Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Merkezi Aziýa sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähmiýeti” atly maslahat öz işine başlady.

Maslahatyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Maslahatda bellenilişi ýaly, suwy rejeli peýdalanmak Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi ekologiýa abadançylygynyň saklanmagy we daşky gurşawyň goralmagy bilen berk baglanyşyklydyr.

Daşary ýurtly maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda AHHG-nuň Aral meselesi bilen baglanyşykly heläkçilige garşy göreşmäge we Aral ýakasynda ekoulgamyň hatardan çykmagynyň öňüni almaga, Merkezi Aziýa sebitinde biodürlüligiň, daşky gurşawyň goralmagyna, tebigy serişdeleriň durnukly ulanylmagyna, sebitiň halklarynyň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine gönükdirilen işiniň dürli ugurlaryny açyp görkezdiler.

Aral deňzinde emele gelen ýagdaý dünýä bileleşigi tarapyndan bir sebitiň çäginden çykan we ählumumy meselä öwrülen ХХI asyryň iri ekologiýa heläkçiligi hökmünde ykrar edildi diýip, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Orman Nurbaýew belledi. Araly halas etmegiň Halkara gaznasy ýaly döwletara institut Aralyň gurşawynda ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýa toparlaýyn esasda täsir etmegiň talap edilen guraly hökmünde has möhüm ähmiýete eýe bolýar.

O.Nurbaýew şu ýylyň 18 — 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Astana bolan saparynyň dowamynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda özara hyzmatdaşlyk meselesiniň Prezident Nursultan Nazarbaýew bilen geçirilen gepleşikleriň möhüm ugurlarynyň birine öwrülendigini aýtdy. Bu mesele 13-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň arasynda geçirilen gepleşiklerde hem gozgaldy.

Bu suw howdanyna guramak howpunyň abanýandygy barada alymlar geçen asyryň 50-nji ýyllarynyň başlarynda duýdurdylar. 60-njy ýyllarda bolsa deňiz kenarlaryndan barha daşlaşyp başlady. 90-njy ýyllarda mesele heläkçilikli ýagdaýlara ýetende, sebitiň ýurtlary ony oňyn çözmek üçin birleşdiler. Olar bu ýaramaz ýagdaýdan diňe bilelikdäki tagallalaryň netijesinde çykyp boljakdygyna we onuň ýaramaz täsiriniň azaldyljakdygyna göz ýetirdiler.

Bu barada aýtmak bilen, Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Faruh Şarifzoda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň öz düzümi we guramaçylyk işi boýunça netijeli häsiýete eýedigini belledi. Ol özüniň hereket edýän döwründe gatnaşyjy ýurtlaryň hil taýdan täze döwletara gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň, çylşyrymly suw hojalyk meseleleriniň jedelsiz çözülmegini şertlendirdi.

Diplomat Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklygynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginiň  Gaznany esaslandyryjy ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ynamy ýokarlandyrjakdygyna we oňa täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

AHHG-nyň Durnukly ösüşi boýunça döwletara  toparynyň (DÖDT) Sekretariatynyň başlygy Batyr Mämmedow maslahatda çykyş edip, Merkezi Aziýa ýurtlarynda daşky gurşawy goramak we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň esasy wezipelerini kesgitledi. Onuň belleýşi ýaly, dünýä bileleşiginiň kabul eden Durnukly ösüş maksatlaryny we howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyny nazara almak bilen, bilelikdäki tagallalaryň meýilnamalaryna täzeden seretmek zerurlygy ýüze çykdy. Munuň özi hyzmatdaşlygyň çäklerinde täze ugurlary teklip etmäge mümkinçilik berer. Bu wezipeler Türkmenistanyň AHHG-da başlyklyk etmeginiň konsepsiýasyna Gaznanyň işiniň ekologiýa ugruny güýçlendirmek, Aral deňziniň çägindäki ýurtlara kömek bermek boýunça täze maksatnamany işlemek üçin esasy çäreleriň biri hökmünde girizildi.

Aral meselesiniň daşky gurşawa we Aral sebitinde ýaşaýan millionlarça adamyň durmuşyna heläkçilikli täsirini azaltmak häzirki wagtda esasy meseledir. Bu meseläni şol sanda oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan anyk hem-de ygtybarly çeşmelerden maliýeleşdirilýän taslamalaryň hasabyna çözüp bolar diýip, Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmalžon Kuçkarow öz çykyşynda belledi.

Diplomat Türkmenistan Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk edýän döwründe öz Lideriniň syýasy erkine daýanyp bu guramanyň köp ugurlary, hususan-da, ekologiýa deňagramlylygyny dikeltmek we Aral ýakasynyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça ösüşlere eýe boljakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda,  Özbegistanyň baştutanynyň 2017-nji ýylyň 6-7-nji martynda Aşgabada amala aşyran saparynyň jemleri boýunça Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň Bilelikdäki Beýannamasynda bu Halkara gaznasyna umumy garaýyş we onuň orny berkidildi. BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň orunbasary Witaliý Wremiş ýakynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň Merkezi Aziýa sebitine gelip görendigini, Türkmenistanda bolandygyny, şeýle hem Özbegistanda Aral deňziniň gurap giden giňişligini synlandygyny aýtdy. Gören zatlaryna haýran galyp, BMG-niň baştutany göwrümi boýunça dünýäde dördünji ýapyk deňiz bolan Araly biziň zamanamyzyň iň uly Ekologiýa heläkçiligi diýip atlandyrdy. Onuň oňaýsyz täsiri dowam edýär. Mysal üçin, deňziň guran düýbünden tozan görnüşinde galýan ýeller müňlerçe kilometre ýaýrap, millionlarça adamyň durmuşyna ýaramaz täsirini ýetirýär. Emma öz wagtynda bu heläkçiligiň öňüni almak mümkindi. Şonuň üçin hem BMG şunuň ýaly heläkçilikleriň täsirleriniň ýok edilmegine gönükdirilen utgaşykly işleri, şol sanda rejeleýiş-dikeldiş çärelerini, şeýle hem tebigy serişdeler babatynda öňüni alyş çärelerini geçirmäge çagyrýar. Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygynyň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegi bilelikdäki işiň möhüm ugry bolup durýar.

Maslahata gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, sebit boýunça goňşy döwletleriň arasynda işjeň gatnaşyklary ösdürmekde Türkmenistanyň bitaraplyk derejesine daýanýan daşary syýasaty möhüm şerti emele getirýär we ol suw serişdelerini dolandyrmak boýunça geljekki ylalaşyklar üçin ygtybarly esas bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň