«Energetik» — «Altyn asyr» — 0:2.
Gollar:
0:1, Altymyrat Annadurdyýew 51’
0:2, Myrat Ýagşyýew 55’.
Salam, dördünji orun: Päsgelçilikleriň ilkinjisinden üstünlikli geçen «Altyn asyr» bu ýeňşi bilen «Energetigiň» eýelän ornuny — dördünji orny elinden aldy.
Indiki sepgit — «Şagadam»: «Aragatnaşykçylaryň» 10 oýundan soň 24 utugy bar. Indiki sepgit 28 utukly «Şagadam» we üçünji orun.
Ýagşyýew — bombardirlige şärik: Toparynyň geçiren soňky iki duşuşygynda hem tapawutlanan Myrat Ýagşyýew 11 gol bilen bombardirlik ýaryşynyň birinji orny üçin Yhlas Magtymowa şärikdeş boldy.
6 möwsüm, 90 gol: Myrat Ýagşyýewiň şu tapgyrdaky goly onuň Ýokary ligada 2012-nji ýyldan bäri geçiren 90-njy goludyr. Ýatladýarys, ol şol möwsümden bäri ligamyzda iň kän gol geçiren ikinji futbolçy. Sanawyň başynda 117 gol bilen Süleýman Muhadow bar.
3 möwsümde 40 gol: Ýokary ligada 2015-nji ýyldan bäri çykyş edýän Altymyrat Annadurdyýew üçünji möwsüminde 40-njy goluny geçirdi.
Tapgyrda 10 gol: Mundan ozal üçünji tapgyrda derwezelere 8 pökgi giripdi. Indi pökgüleriň sany 10-a çykdy. Ýatladýarys, mundan ozal 10-njy we 17-nji tapgyrlar 10 gol bilen tamamlanypdy.