Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Söwda we hyzmat – 2017» atly sergi-ýarmarkasy geçiriler

18:5017.06.2017
0
9027

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 16-njy iýunda geçirilen mejlisinde türkmen döwletiniň Baştutanyna 27 — 28-nji iýunda Aşgabat şäherinde «Söwda we hyzmat – 2017» atly sergi-ýarmarkasyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde ýaýbaňlandyryljak sergide söwda pudagynda amala aşyrylýan özgertmeler, ilata hyzmat etmegiň giň we köpugurly ulgamy, söwda dükanlarynyň, bazarlaryň, söwda merkezleriniň, jemgyýetçilik iýmiti nokatlarynyň işiniň guralyşy barada giňden tanyşdyrýan bölümleri gurnamak göz öňünde tutulýar. Bu bölümlerde içerki sarp ediş bazarlarynyň haryt bolçulygyny şöhlelendirmek, ýurdumyzyň oba hojalygyny, senagat pudaklaryny, halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiligini ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleriň netijeleri bolan köp görnüşli azyk we senagat harytlaryny mahabatlandyrmak meýilleşdirilýär. Sergä gatnaşyjylar özleriniň harytlary we hyzmatlary barada zerur bolan maglumatlary ýaýratmaga hem-de göni söwda geleşiklerini baglaşmaga mümkinçilik alarlar.

Türkmenistanyň Prezidentine 20–21-nji iýunda Söwda-senagat edarasynda geçiriljek «Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy – 2017» atly köpugurly sergini guramak boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hem hasabat berildi. Bu serginiň gün tertibine laýyklykda, ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi hem-de möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň