Soňky habarlar

Arhiw

Ýoşinobu MAEKAWA: «Medallar ugrunda göreşeris»

02:2317.06.2017
0
2501

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlanýan futzal boýunça milli ýygyndymyza indi bir ýyla golaý wagt bäri ýaponiýaly tälimçi Kýoheý Nakamura futzalyň inçe tilsimlerini öwredip gelýär. Onuň kömekçisi wezipesinde zähmet çekýän Ýoşinobu Maekawa bolsa oýunçylarymyzyň taktikadyr fiziki taýýarlygyna jogap berýär. Biziň Ýoşinobu Maekawa bilen guran söhbetdeşligimiziň başynda ol Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurt derejesinde edýän aladalarynyň netijesinde berilýän kömek-goldawyň öz miwesini berýändigini aýratyn belledi.

– Mundan öňki geçiren okuw-türgenleşiklerimiz ýakynda Ýaponiýada tamamlanan halkara ýaryşynda mese-mälim duýuldy. Oglanlar özlerinden edilen talaby doly ödediler. Güýçli toparlaryň arasynda ikinji orny eýelemegimiz gelejege umyt bilen seretmäge mümkinçilik berýär.

– Jogapkärli ýaryşda diňe medallar ugrunda göreşmegi maksat edinýän Türkmenistanyň milli ýygyndysyny türgenleşdirmäge haçan teklip aldyňyz?

– Geçen ýylyň oktýabrynda. Şonda baş tälimçimiz Kýoheý Nakamura bilen milli ýygyndyňyzy türgenleşdirmek baradaky teklibi kabul etdik. Dogrymy aýtsam, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oýnuna tomaşa etmek miýesser etmändi. Ýöne men teklibi kabul etmezden öň milli ýygyndyňyzyň oýunlaryna wideoýazgylar arkaly syn etdim. Şeýle-de, Türkmenistanyň ýygyndysynyň garşysyna meýdança çykan ýaponiýaly oýunçylar bilen maslahatlaşdym.

– Gürrüňimizi sportuň gyzykly görnüşi bolan futzaly saýlamagyňyz bilen dowam edäýeliň?

– Tokionyň golaýynda ýaşamyzsoň, sport ýoluma paýtagtymyzyň «Maçida» toparynyň ýaşlar düzüminden başladym. Soňlugynda toparyň uly ýaşly futzalçylarynyň arasynda çykyş etdim.

– Tälimçi bolmak pikirine haçan geldiňiz?

– Aslynda men futzalda güýçli ýurt hasaplanýan Ispaniýada hem çykyş etdim. Soňlugynda bolsa bu ýurduň tejribeli tälimçilerinden tälimçilik käriniň inçe tilsimlerini öwrendim we bu ýoly saýlap almagy ýüregime düwdüm. Şonuň üçin maňa ispan futzaly hem örän ýakyn.

– Adatça toparlaryň ösüşine gazanylýan netijä garap baha berilýär. Şundan çen tutsak, Türkmenistanyň ýygyndy topary Ýaponiýada, Azerbaýjanda, Ispaniýada geçirilen okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynda özüni diňe gowy tarapdan görkezdi. Ýakynda bolan Özbegistandaky ýoldaşlyk duşuşyklaryndan soňra bolsa Ýaponiýadaky halkara ýaryşynda diýseň şowly çykyş etdi. Şol ösüşi professional nukdaýnazardan nämede görýärsiňiz?

– Güýçli ýygyndylar bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmek – islendik tälimçiniň arzuwy. Ýaponiýadaky ýaryşa gatnaşmagymyzyň öňüsyrasy Aziýada güýçli hasaplanýan Özbegistanyň milli ýygyndysy bilen geçiren ýoldaşlyk duşuşyklarymyz taktikadyr fizika babatynda örän peýdaly boldy. Onda birinji duşuşykda ýeňiş gazanyp, ikinji duşuşygy deňlikde tamamladyk. Geçen ýyl bu ýygyndydan 10 top tapawudy bilen ýeňilýändigimizi nazara alanymyzda, geçen döwürdäki ösüş görnetin duýulýar.

– Azerbaýjanda we Özbegistanda ýoldaşlyk duşuşyklaryň tapgyry geçirilip, şonda GDA-nyň giňişligindäki futzalyň ösen döwletleriniň toparlary bilen güýç synanyşyldy. Garşydaşlarymyzyň artykmaçlygy nämeden ybarat? Olar taktikamy, tehnikamy, haýsy tarapdan rüstemräk?

– Ýaňy hem belläp geçişim ýaly Özbegistanyň we Azerbaýjanyň milli ýygyndylary tehniki, taktiki hem-de fiziki taýdan örän güýçli, olardan öwrenere zat az däl. Bilşiňiz ýaly, Özbegistanyň milli ýygyndysyny dünýäde tanalýan tejribeli tälimçileriň biri ispaniýaly Mendes türgenleşdirýär. Ýoldaşlyk duşuşyklary döwri biz onuň bilen taktika babatynda köp pikir alyşdyk.

– Aşgabatdaky Aziada – 2017-de milli ýygyndymyz 2009-njy ýylda Wýetnamda guralan oýunlardaky üstünligini gowulandyryp bilermi? Ýadyňyzda bolsa, şonda türkmen futzalçylary 4-nji orny eýeläpdiler.

– Bu ýaryşda hem biziň öňümizde ilkinji üçlüge düşmek wezipesi goýuldy. Futzal oýny garaşylmadyk netijelere örän baý. Muny soňky dünýä çempionatynda Eýranyň milli ýygyndysynyň gazanan bürünç medaly hem subut edýär. Biz hem türkmen ýigitleri terjimeçimiz Myratdurdy Apowow, ýygyndymyzyň iş dolandyryjysy Orun Döwletow ýaly türkmen ýigitleri bilen egin-egne berip işleşýäris. Milli ýygynda çagyrylýan zehinli futzalçylarymyz bolsa özlerine bildirilýän ynamy ödemek üçin der döküp türgenleşýärler. Netijemi?... Netije hökman bolar. Sebäbi ýurt derejesinde berilýän şeýle uly goldaw iru-giç öz miwesini beräýmeli. Muny dünýä tejribesi aýdyňlygy bilen subut edip gelýär.

Türkmen futzalçylarynyň has kämilleşmäge, ussatlygyny artdyrmaga bolan höwesem, olaryň Aziada – 2017-ä doly derejede taýýarlykly barmak, medallar ugrunda göreşmek hyjuwy bilen joşýandyklaryny görkezýär.

 

Ýoşinobu Maekawa – 1971-nji ýylda Tokioda doguldy. Maşgalaly bir ogly bar.

Tälimçilik ýoly:

1999-njy ýyl – Ýaponiýanyň ýokary ligasynda çykyş edýän «Peskadora Maçida» toparyny türgenleşdirdi.

2000-nji ýyl – Braziliýada tälimçilik okuwyny geçdi.

2004-nji ýyl – Futzal boýunça Ýaponiýanyň milli ýygyndysynda kömekçiniň wezipesini ýerine ýetirdi.

2004 – 2005-nji ýyllar – Ýaponiýanyň U23 ýygyndysynda tälimçi bolup işledi.

2005 – 2006-njy ýyllar – Tokionyň ýygyndysyna tälimçilik etdi.

2007-nji ýyl – Mýanmanyň milli ýygyndysyna tälimçilik etdi.

2008-nji ýyl – Ispaniýada tälimçilik okuwynda okady.

2009-njy ýyl – Ýaponiýanyň futbol assosiasiýasynda tälimçileriň instruktory wezipesinde işledi.

2013-nji ýyl – Ýaponiýanyň futbol assosiasiýasynda tälimçiler bölüminiň başlygy wezipesinde işledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň