Türkmenistanyň Jemagat hojalygy instituty döredildi

00:1017.06.2017
0
17442

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 16-njy iýunda geçirilen mejlisinde türkmen döwletiniň Baştutanynyň garamagyna “Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutyny döretmek hakynda” Permanyň we bu ýokary okuw mekdebiň meseleleri hakynda Kararyň taslamalaryny hödürlendi.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň Kararyna laýyklykda, Jemagat hojalygy ministrliginiň buýurmasy boýunça agzalan institutyň täze binalar we desgalar toplumynyň gurluşygy häzir tamamlaýjy tapgyrda barýar.  Ýokary okuw mekdebiniň düzüminde 5 fakultet—jemagat hojalygy, inžener ulgamlary we desgalary, mehanika-tehnologik, ykdysadyýet we dolandyryş, hünäri kämilleşdiriş fakultetleri hem-de 17 kafedra bolar. 2017 — 2018-nji okuw ýylynda instituta 400 talyby kabul etmek göz öňünde tutulýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň