Fleýtaçy Aleksandr Petrow bilen pianinoçy Andreý Telkow aşgabatly saz muşdaklary üçin Prokofýewiň we Sybiniň eserlerini ýerine ýetirdiler

04:5313.06.2017
0
3667

Türkmen-russiýa diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Sankt-Peterburgyň „Ussatlyk ilçihanasy“ Saz öýüniň sazandalary „Türkmenistan“ kinikonsert zalynda çykyş etdiler. Çäräni Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň medeniýet ministrlikleri guradylar. 

Aşgabatly nusgawy sazlaryň muşdaklaryna russiýaly zehinli sazandalary—fleýtaçy Aleksandr Petrow we pianinoçy Andreý Telkowyň ussatlygy bilen tanyşmak miýesser etdi. 

Aleksandr Petrow Rimskiý-Korsakow adyndaky Sankt-Peterburg Döwlet konserwatoriýasynyň talyby. 24 ýaşly bu zehinli sazanda Halkara bäsleşikleriniň ençemsiniň baýraklarynyň eýesidir. Ol Russiýanyň we Ýewropanyň şäherlerinde özbaşdak, şeýle hem fleýtalar dörtlüginiň hatarynda köp çykyş edýär. 


Andreý Telkow Aleksandrdan 2 ýaş uly, ol eýýäm ady agzalan konserwatoriýanyň aspiranty, şeýle hem Russiýada we onuň daşynda geçirilen halkara bäsleşiklerinde baýrakly orunlary eýelän sazanda. 

Çykyş Wladimir Sybiniň fleýta we fortepiano üçin 1-nji Konsert allegrosy bilen açyldy. Käbir diňleýjleriň ony ilkinji gezek diňleýänligi eser olarda uly gyzyklanma döretdi. Tomaşaçylar zehinli sazandalaryň çykyşyny şowhunly el çarpmalar bilen garşyladylar. 

Sergeý Prokofýew fleýta we fortepiano üçin Sonatasyny Kawkaza ewakuasiýa döwri ýazypdyr. Ýurduň düşen agyr güni we ýeňşe sarsmaz ynam eserde çeper beýan edilipdir. 

Konsertde Ežen Damareniň „Pariž serçesi“ Rondo-polkasy we Ýozef Gaýdnyň mi-bemol mažor Sonatasy ýerine ýetirildi. Konsertiň ahyrynda Andreý Telkow Sergeý Prokofýewiň ýene bir eserini--fortepiano üçin 7-nji Sonatasyny awtora mahsus usulda özboluşlydan çeper ýerine ýetirdi. 

Tomaşaçylar zehinli russiýaly sazandalaryň çykyşyna şowhunly el çarpmalar we gül desseleri bilen minnetdarlyk bildirdiler. 

Andreý Telkow habarçymyz bilen söhbetdeşlikde Türkmenistanda bolanlygyna şatdygyny belledi. Ol:„Biz sowuk Peterburgdan güneşli Aşgabada gelip düşdük. Wagtymyz çäkli bolsa-da, görüp ýetişen zatlarymyz biz haýran etdi. Bu ýere gelenmizden türkmen myhmansöýerligini, göwnaçyklygyny we mähirliligini duýdyk, Türkmenistan, onuň özboluşly däpleri we baý medeniýeti, hususan-da saz sungaty bilen ýakyndan tanyşmak üçin bu ýere ýene höwes bilen geleris“-diýdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň