Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy

05:2811.06.2017
0
3352

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny, BAE-den we Owganystandan gelen işewürler bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini, agyr wakum gazoýlyny satyn aldylar.

Russiýanyň, BAE-niň, Gazagystanyň işewürler toparynyň wekilleri tehniki kükürde isleg bildirdiler. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah mata we ýüplük, tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümleriň giň görnüşi, azyklyk bugdaý ýerlenildi. Bu önümleri Russiýa Federasiýasyndan, Türkiýeden, Owganystandan we Azerbaýjandan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 36 million 180 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 63 müň manatlyk azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň