Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda halkara pudaklaýyn sergi geçirildi

10:0105.06.2017
0
6669

Iki günüň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde ýurdumyzyň Dokma senagaty pudagynyň işgärleriniň güni mynasybetli “Türkmen dokmasy-2017” atly Halkara sergisi geçirildi.

Ýokary hilli we köp görnüşli önüm öndürýän pagta egiriji, dokma, tikinçilik we ýüpek kärhanalarynda işleýän on müňlerçe watandaşlarymyzyň ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna we halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Baýramçylyk günlerinde dokmaçylaryň hormatyna duşuşyklar, sergiler, döredijilik bäsleşikleri we aýdym-sazly çykyşlar guralýar. Önümçiligiň öňdebaryjylaryny, ussat tikinçileri we el işlerini öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasy döwletimiz tarapyndan olaryň zähmetine goýulýan belent sarpany alamatlandyrýar.

Ýurdumyzyň ýeňil senagatynyň gazanan üstünliklerini beýan edýän giň möçberli sergi şol bir wagtyň özünde öňdebaryjy tehnologiýalary we dünýäniň dokma senagatyndaky täzeçil meýilleri beýan etmäge, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen özara peýdaly we uzakmöhletleýin gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berýär.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda tutuş ýurdumyzyň halkara ähmiýetli sport çäresine -- Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görýän pursatlarynda geçirilýän bu serginiň ýaýrawy has-da giň boldy. Aziada-2017-niň öňüsyrasynda ýaýbaňlandyrylan sergi sport ýurdy hökmünde Türkmenistany halkara bileleşigine giňden tanyşdyrmak, paýtagtymyzda geçiriljek sport ýaryşlaryny, geljekki ýeňişleri mahabatlandyrmak üçin oňyn mümkinçiligi üpjün etdi. Şu ýörelgeler serginiň düýp many-mazmunyny emele getirdi.

Milli görnüşde we Aziadanyň nyşanlary bilen bezelen meýdançada baýramçylyk ýagdaý emele geldi. Paýtagtymyzyň döredijilik toparlary abraýly pudaklaýyn sergä gatnaşmak üçin Ýewropanyň we Aziýanyň birnäçe ýurtlaryndan gelen myhmanlary aýdym-sazly çykyşlary bilen garşyladylar.

Sergä gatnaşýanlaryň hatarynda Russiýanyň, Italiýanyň, Şweýsariýanyň, Germaniýanyň, Belgiýanyň, Türkiýäniň, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, GDA-nyň birnäçe ýurtlarynyň iri önümçilik kärhanalarynyň we söwda kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri bar.

Şeýle hem sergä dokma kärhanalarynyň gurluşygy boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň barşynda ägirt uly tejribe toplan Türkiýäniň “Kotam Enterpraýzes”, “Engin Group”, “Norsel Internasional”, “Gap Inşaat” ýaly kompaniýalaryň wekilleri bar. Ýurdumyzyň kärhanalarynyň iş aýratynlyklaryny we gyzyklanmalaryny nazara almak bilen, has kämil işläp taýýarlamalary we gurnamalary her ýylda hödürleýän Germaniýanyň “Truezsсhler”, “Saurer Sсhlafhorst”, “Volkmann”, “Thies”, Belgiýanyň “NVA&Сo”, “Piсanol” we “Wan de Wiele”, Şweýsariýanyň “Uster”, “Rieter AG”, “Bezema”, Italiýanyň “Marzoli”, “Savio”, “Delta” kompaniýalar toparlary ýokary tehnologiýaly enjamlary, pagta egiriji, dokmaçylyk we matalary dokamakda ulanylýan serişdeleri görkezýärler.

Moda senagatynda meşhur ussatlaryň gatnaşmagy Aşgabatda geçirilýän serginiň ýokary abraýyny äşgär edýär. Olaryň hatarynda russiýaly, dünýä belli we türkmen tomaşaçylaryna täze işlerini birnäçe gezek görkezen Walentin Ýudaşkin, şeýle hem Belarussiýadan gelen ýaş dizaýnerler Ýuliýa Latuşkina hem-de Lýudmila Labkowa bar.

Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, daşary ýurtly işewürler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleiniň wekilleri gatnaşdylar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda ussat dokmaçylar we önümçiligiň öňdebaryjylary bar.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Bşatutanymyz bu gezekki ýöriteleşdirilen serginiň Watanymyzyň kuwwatlyklaryny dünýä bileleşigine äşgär etmäge gönükdirilendigini belledi. Halkymyzyň yhlasly zähmeti bilen ýurdumyzyň kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar. Dokma pudagynyň bölümleri bilen tanşyp, sergä gatnaşyjylar özüniň zehini we döredijilik kuwwaty bilen ägirt uly üstünlik gazanýan halkymyzyň ýeten derejesine göz ýetirdiler.

Ýokary hilli we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply, ekologiýa taýdan arassa serişdeden taýýarlanylan önümlere aýratyn gadyr goýýan sarp edijileriň uly isleginden peýdalanylýan ýokary hilli harytlaryň öndürilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Giň möçberli sergide dürli görnüşli önümler görkezilýär. Özboluşly bezeg aýratynlyklary bolan bölümlerde dokima önümçiliginiň ähli ugurlary öz beýanyny tapýar. Olarda ýörite ygtyýarlygy bolan nah ýüplükler, ýüpek önümleri, häzirkizaman bezeg aýratynlyklaryna, medeniýete, moda çözgütlerine laýyk gelýän taýýar önümler görkezilýär.

Ýurdumyzyň iri kärhanalarynyň bölümlerinde ýüplükleriň we matalaryň dürli görnüşleri, şol sanda setin, ştapel, ýüpek, panbarhat, žinsi önümleri, dokma harytlary, öý üçin niýetlenen dürli dokma önümleri bar. Ýorgan-düşek, hammam we aşhana toplumlary, tüýjümek matalar, şeýle hem dürli joraplar, lukmançylyk we kosmetiki pamyk serişdeleri sowgatlyk gaplarda hödürlenýär Olar özleriniň bezegi we reňkleriniň sazlaşygy bilen sergä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrýar.

Bu ýerde ýüpek matalara aýratyn üns berlipdir. Dürli reňkdäki keteni matalary, inçe senet önümleri, öýmeler, panbarhat matalary, zenanlaryň milli lybaslary, özboluşly nepisligi bolan el keşdeleri sergä özboluşly bezeg berýär. Daşary ýurtly myhmanlar tarada Beýik Ýüpek ýoly döwründen bäri meşhur bolan gadymy däpleri ulanýan ussat zenanyň işlerine uly höwes bilen tomaşa etdiler.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany, tumary we şekili janlandyrylan dürli harytlar täze önümleriň hatarynda goýlupdyr. Bu iri halkara ýaryşlaryna hemmetaraplaýyn taýýarlygyň çäklerinde ýurdumyzyň dokmaçylary Milli olimpiýa komitetiniň wekilleri, baýdak göterijileri üçin niýetlenen ýörite lybaslary taýýarlamak ýaly möhüm hem-de hormatly wezipäni ýerine ýetirýärler. Şeýle hem bu ýerde Aziada-2017-niň meýletinçileri, hyzmat edýän işgärleri üçin niýetlenen ýörite lybaslar toplumy bar. Bu önümleriň hemmesi Ruhabadyň dokma toplumynda, Gypjagyň we Gökdepäniň dokma kärhanalarynda, “Aşgabatdokma”, “Türkmenbaşydokma”, Jins toplumlarynda, şeýle hem “Ahal” we “Bahar” tikin fabriklerinde arassa nah ýüplüklerden, garyşyk matalardan degişli nyşanlar bilen taýýarlanylýar.

Bu ýerde görkezilýän harytlaryň hatarynda Aziada-2017-niň nyşanlary şekillendirilen pambarhat we ştapel önümleri bar.

Paýtagtymyzda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen sportuň 21 görnüşi boýunça türkmen türgenlerine niýetlenen ýörite lybaslar toplumy giň möçberli sergide aýratyn orun eýeleýär.

Şeýle hem bu ýerde däp bolan baýramçylyk çykyşlaryna utgaşan täze lybaslaryň görkezilişi boldy. Onda türkmen we daşary ýurtly dizaýnerleriň taýýarlan täze lybaslary dabara gatnaşyjylara görkezildi.

Häzirki döwürde Aşgabadyň Modalar öýüniň dizaýnçylarynyň işleri ýurdumyzyň daşynda hem giň meşhurlyga eýe bolýar. Dürli matalardan we ketenilerden taýýarlanylan lybaslary görkezýjn gyzlaryň çykyşlary sergä gatnaşyjylarda has-da uly täsirler galdyrdy. Çagalar üçin dynç alşa we sport bilen meşgullanmaga niýetlenen özboluşly dokalan matalardan taýýarlanylan lybaslara aýratyn ähmiýet berildi.

Dizaýnçy myhman Lýudmila Labkowa türkmen pagtasyndan taýýarlanylan mata bilen Belarus dokmasynyň utgaşdyrylmagynda taýýarlanylan lybaslaryny “Tomus-2018” diýip atlandyryp, geljekki ýyla niýetläpdir. Ol Aşgabat sergisinde ilkinji gezek görkezilýär. El keşdeleri bilen bezelen gyzjagazlar we zenanlar üçin niýetlenilen gelşikli lybaslaryň görkezilişi oňa tomaşa edýänleriň el çarpyşmalary bilen utgaşdy.

Şeýle hem Belarusdan gelen dizaýnçylar “Latuşkina” awtorlyk bezegi bolan dürli daşlar we beýleki serişdeler bilen nagyşlanan dürli görnüşli matalardan taýýarlanylan lybaslaryny, agşam üçin niýetlenen geýimleri görkezdiler.

“Walentin Ýudaşkiniň modalar öýüniň” işleri bu ýerde guralan görkeziliş dabarasynyň jemini jemledi. Onda şöhratly ussat dizaýnçynyň nepis we gelşikli lybaslary görkezildi. Ol bu ýerde mähirli kabul edilendigi, halkara pudaklaýyn sergilerde uly üstünlik bilen dürli önümleri görkezýän türkmen dokma pudagynyň ösmegine yzygiderli goldaw berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Ýurdumyzyň Dokma senagatynyň işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçirilen serginiň çäklerinde dabaraly ýagdaýlarda önümçiligiň öňdebaryjylara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

4-nji iýunda—serginiň ýapylyş gününde bu ýerde dünýäniň dürli ýurtlarynyň hünärmenleri bilen duşuşyklar dowam etdi. Munuň özi ýurdumyzyň we daşary döwletleriň işewür düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we giňeldilmegine ýardam berildi.

“Bellegprоm” döwlet konserni arassa kendirden we garyşyk matalardan, şeýle hem türkmen pagtasyndan taýýarlanan lybaslaryň, dokma önümleriniň görnüşlerini görkezdiler. Mundan başga-da, olar özara haryt dolanyşygyny artdyrmak boýunça tekliplerini hödürlediler.

Ýurdumyzyň dokma senagatynda barha işjeňlik görkezýän telekeçileri sergide öz mümkinçiliklerini görkezendigini bellemeli. Gözden geçirilişde “Demtekst”, “Türkmenbelent” we “Altyn gelejek” dokma enjamlaryny getirýän düzümler Şweýsariýanyň, Germaniýanyň, Belgiýanyň, Italiýanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny görkezdiler. “Eşretli kenar” hususy kärhanasynyň bölüminde dokma önümçiligi üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlaryň dürli görnüşleri görkezildi. Şeýle hem bu ýerde Şweýsariýanyň “Bernina”, Ýaponiýanyň “Brouther” we Germaniýanyň “Zinger” ýaly belli kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli tikin we keşde maşynlary görkezildi.

Ýurdymyzyň zehinli bezegçileriniň arasynda geçirilýän iň owadan awtorlyk bezegi boýunça “Çeper eller” bäsleşiginiň guralmagy serginiň jemleýji gününiň möhüm wakasyna öwrüldi. “Agşamky lybaslar toplumy”, “Gündelik lybaslar toplumy”, “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylar üçin lybaslar toplumy” ugurlary boýunça geçirilen bäsleşiklerde ýeňiji bolanlara ýörite baýraklar gowşuryldy. Gran-pri baýragyna mynasyp bolan ýeňiji “Ýylyň dizaýneri” diýen hormatly at berildi.

Aşgabadyň Modalar öýüniň ýüpekden we beýleki matalardan milli äheňde taýýarlan täze lybaslar toplumy bu ýerde guralan baýramçylyk maksatnamasynyň jemini jemledi. Onda Gökdepäniň we Gypjagyň dokma toplumlarynyň, Jinsi toplumynyň, paýtagtymyzdaky “Ahal” we “Bahar” tikinçilik birleşmeleriniň täze görnüşdäki lybaslary görkezildi. Ýurdumyzyň dizaýnçylarynyň döredijilik ukyplary we zehini bilen döredilen ajaýyp lybaslar toplumy mill tikinçilik ýörelgeleri bilen häzirkizaman tejribeleri özünde jemleýär Olar türkmen matalarynyň ajaýyplygynyň özboluşly mahabatyna öwrüldi.

“Türkmen dokmasy-2017” serginiň ýapylyş dabarasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylara diplomlar we sertifikatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň