Arhiw

«Altyn asyr» Täjigistanda

17:3929.05.2017
0
1142

Türkmenistanyň futbol boýunça Milli çempionatynyň häzirki çempiony «Altyn asyr» 29-njy maýda irden Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde bardy. Ildeşlerimiz bu ýerde 31-nji maýda AFK-nyň kubogy ugrunda duşuşyk geçirerler. Türkmen futbolçylarynyň garşydaşy Täjigistanyň «Istiklol» topary bolar.

Şäheriň halkara howa menzilinde türkmen futbolçylaryny «Istiklolyň» we Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň wekilleri garşyladylar. «Altyn asyryň» 25 adamlyk düzümi (şolaryň 19-sy futbolçy) ir bilen «Täjigistan» myhmanhanasynda ýerleşdirildi.

Türkmen futbolçylary ilkinji türgenlerşigini şu gün 18:30-da geçirerler. 30-njy maýda duşuşygyň kommisarynyň, eminleriniň, guramaçylaryň we iki toparyň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat geçiriler. Onda soňra, toparlaryň tälimçileri we futbolçylary žurnalistleriň sowallaryna jogap bererler. Duşuşyk 31-nji maýda, ýerli wagt bilen 20:00-da başlanar. Merkezi respublikan stadionynda geçiriljek duşuşygyň netijesi ýaryşyň «D» toparçasynyň ýeňijisini kesgitlär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň