Bilezik — zarýad beriji

16:4925.05.2017
0
1881

Ykjam telefonlarymyz wagtyň geçmegi bilen, şeýle bir kämilleşýär welin, olaryň başarmaýan we başarmajak işi ýok diýseň gelip dur. Ýöne ykjam telefonlaryň iň esasy keseli — güýjüniň — zarýadynyň basym tükenýändigi. Eger internetden köpräk peýdalanaýsak ýa-da wideolara tomaşa edäýsek, ekranyň ýokarky bölegindäki zarýad görkeziji «çelegimiz» ýyldyrym tizliginde «egsiliberýär». Ilki-ilkiler telefony gaýtadan zarýadlandyrmak üçin öýe ýa-da iş ýerimize howlukmaly bolýardyk. Soňky ýyllarda zarýad beriji çaklaňja akkumulýatorlar dadymyza ýetişdi. Barha kämilleşýän tehnologiýa dünýäsi telefonlarymyzyň «zarýad keseliniň» has amatly täze «lukmanyny» — zarýad beriji bilezikleri hödürleýär.

Gysgaça «Kaýt we Keý» diýlip atlandyrylýan bilezik, häzirlikçe, «iPhone» telefonlar we planşetler üçin niýetlenendir. Ol dürli ululykda we reňkde öndürilip, zenanlar üçin-de, erkekler üçin-de amatlylygy bilen tapawutlanýar. Bu bilezikler arkaly, telefonymyzy birnäçe ýola doly zarýadlandyrmaga mümkinçiligimiz bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň