Blutuz täze mümkinçiliklerini hödürleýär

16:4525.05.2017
0
1590

Mobil enjamlaryň we kompýuterleriň arasynda suratlary, aýdymlary, wideolary, dürli faýllary alyşmagyň iň gysga hem-de muzdsuz ýoluny özünde jemleýän blutuz mümkinçilikleriniň sanyny has artdyrýar. Ol mümkinçilikler blutuzyň 5-nji goýberilişinde jemlenendir.Ol ýakynda çykaryljak mobil enjamlarynda we kompýuterlerde ýerleşdiriler.

Blutuzyň täze nesliniň esasy aýratynlygy tizlikdedir. Ol blutuzyň 4.2 görnüşinden hem iki esse çalt tizligi hödürleýär. Onuň kömegi bilen siz 400 metr uzaklykdan hem birek-birek bilen faýllary alşyp-berşip bilersiňiz. Eýsem, 400 metr diňe bir-birege zatlary geçirmek üçin peýdalymy? Ýok. Aýdaly, siziň mobil enjamyňyza jaň gelýär. Siz hem enjamdan 350-400 metr uzaklykda. Diýmek, gulaga dakylýan blutuzly enjam bilen telefonyňyzda şonça uzaklykdadygyňyza garamazdan, hiç bir kynçylyksyz jaňy alyp, gürleşip bilersiňiz.

Ýogsa-da, blutuzyň 5-nji nesli 2017-nji ýyldan ýaýradylmaga başlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň