«Altyn asyr» we «Balkan» uly hasaply ýeňiş gazandy

11:1325.05.2017
0
7656

24-nji maýda futbol boýunça milli çempionatymyzyň Ýokary ligasynyň 16-njy tapgyrynyň soňky iki duşuşygy geçirildi. Aşgabatda we Balkanabat şäherinde geçirilen duşuşyklaryň ikisi hem ýer eýeleriniň uly hasaply ýeňşi bilen tamamlandy.

Paýtagtymyzdaky «Köpetdag» stadionynda geçirilen duşuşykda «Altyn asyr» «Köpetdagy» kabul etdi. Esasan ätiýaçlykdaky oýunçylardan düzülen düzüm bilen meýdana çykan «aragatnaşykçylar» duşuşykda myhman hökmünde çykyş edýän ýer eýeleriniň derwezesine birinji ýarymda diňe bir pökgi geçirip bildi. Hasaby 33-nji minutda Altymyrat Annadurdyýew açdy. Emma ýyldan-ýyla tejribe toplaýan «Köpetdagyň» futbolçylary «aragatnaşykçylaryň» ikinji düzümini howply ýagdaýlara saldy. Mämmet Orazmuhammedowyň goraýan derwezesiniň öňünde dörän howply pursatlaryň ençemesinden netije alynmady. «Altyn asyryň» esasy ýitigi bolsa toparyň we milli ýygyndymyzyň esasy derwezeçisiniň bilinden şikes almagy boldy. Hatda ikinji ýarymda M.Orazmuhammedow oýundan alnyp, ýerine Nikita Gorbunow geçdi.

«Köpetdagyň» ikinji ýarymdaky oýny «Altyn asyry» aljyraňňylyga saldy. Ahyrsoňy Ýazguly Hojageldiýew AFK-daky duşuşyklar üçin aýaýan futbolçylaryndan Myrat Ýagşyýew bilen Arslanmyrat Amanowy meýdana goýberdi. Bu bolsa, garaşylyşy ýaly, duşuşygyň gidişini hem özgertdi. 79-njy minutda Myrat Ýagşyýew hasaby 2:0-a ýetirdi. Şondan üç minut soňra, A.Annadurdyýew duşuşykdaky ikinji goluny geçirdi. «Aragatnaşykçylaryň» dördünji goly bolsa Arslanmyrat Amanowdan geldi. Şeýlelikde, bassyr iki tapgyr bäri ýeňilýän häzirki çempion janköýerlerini uly hasaply ýeňiş bilen begendirdi, utugyny bolsa 18-e çykardy.

Balkanabatdaky duşuşyk hem «Altyn asyryň» peýdasyna tamamlandy diýip bileris. «Aşgabadyň» «Balkandan» 5:0 hasabynda ýeňilmegi «aragatnaşykçylary» ýene-de bäşinji orna çykardy.

«Balkanyň» gollaryny 21-nji minutda Hemra Amanmämmedow, 53-nji we 77-nji minutlarda Mämmedaly Karadanow, 65-nji we 75-nji minutlarda Yhlas Magtymow geçirdi. Bu ýeňişden soň, «Balkan» ýaryş tertibiniň üçünji ornuna ymykly ýerleşdi.

Duşuşyklaryň, umuman, 16-njy tapgyryň aýratynlyklaryny saýtymyzdan ýakyn günlerde okap bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň