Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyryň» ikinji ýeňlişi «Aşgabady» bäşinji orna çykardy

00:5322.05.2017
1
3976

21-nji maýda paýtagtymyzyň Gökje obasyndaky sport toplumynda Ýokary liganyň XV tapgyrynyň jemleýji duşuşygy geçirildi. Onda «Aşgabat» Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn asyryny» kabul etdi we 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Duşuşygyň 12-nji minudynda Pirmyrat Gazakow paýtagtyň adybir toparyny öňe çykardy. Azat Şamyradowyň 67-nji minutdaky goly bilen hasap 2:0-a çykdy. «Aragatnaşykçylar» diňe duşuşygyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 3 minut galanda, bir jogap pökgüsini geçirip bildiler.

Bu ýeňişden soň, «Aşgabat» ýaryş tertibinde bir basgançak ýokary galyp, bäşinji orna çykdy. 7 duşuşykdan 15 utuk toplan «Altyn asyr» bolsa altynjy orna düşdi.

Esasy üns AFK-a gönükdirilenmi?

Ligada «Altyn asyr» iki duşuşyk bäri ýeňilýär. Dogry, «aragatnaşykçylaryň» duşuşan toparlary hem ejiz däl. Käbir duşuşyklardaky şowsuzlyklara garamazdan, «Aşgabat» islendik topar bilen deň güýçde oýnap bilýär. «Ahal» bolsa, özüňize belli, ýaryş tertibiniň öňdebaryjysy.

Belki, «Altyn asyr» esasy ünsüni AFK-nyň kubogyna gönükdirendir. Bize mälim bolşuna görä, topar şu günüňki duşuşyga hem, esasan, ätiýaçdaky oýunçylar bilen çykypdyr. Emma bu utulyşlaryň «aragatnaşykçylaryň» bassyr dördünji ýyl yklym ýaryşyna gatnaşmagyna azda-kände zyýanyny ýetirmegi ahmal. Edil häzirki ýagdaýdan çen tutsak, «Altyna asyryň» «Ahalyň» geçiren oýunlarynyň arasynda alty oýun tapawut we 15 utuk bar. Diýmek, «aragatnaşçylar» çempionatyň ýarysyny liderlik bilen tamamlajak bolsa, indi utuk ýitirmeli däl. Olaryň utuk ýitirmejekdigine-de ynanmak kyn. Çünki öňde-de, ätiýaçlykdaky oýunlaryň hatarynda-da güýçli toparlar bilen geçirilmeli duşuşyklar bar. Bu bolsa Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleriniň çempionatdan soňra ligada hem ýagşyja ýagyrnysyny derletmeli boljakdygyny aňladýar. Özi-de ätiýaçlykdaky duşuşyklar tomsuň jöwzaly günlerinde, her üç-dört günden bir geçiriler.

Ýagşyýew — möwsümiň bombardiri

Geçen tapgyrda «Ahaldan» Myrat Annaýewiň alty duşuşyklary yzygiderli gol tapgyry tamamlanan bolsa, 15-nji tapgyrda Annaýewiň atdaşy hem gollara arakesme berdi. Şeýlelikde, Ýokary liganyň 25-nji möwsüminiň bir oýunça degişli iň uzyn golly tapgyr 6 duşuşykda saklandy. Arhiwi dörmeli, belki, bu tapgyr tutuş çempionat boýunça hem iň uzyn tapgyrdyr. Ýöne başga bir hakykat wlein aýdyň. Ýokary ligada 8, AFK-nyň kubogynda 5 gol geçiren Myrat Ýagşyýew, häzirlikçe, ýurdumyzda 2017-nji ýylda iň kän tapawutlanan futbolçy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň