Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Hasan Ruhanini Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady

23:5421.05.2017
0
3646

Şu gün Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Hasan Ruhanini Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gutlagynda däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk  hem-de Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň iki goňşy halkyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine pugta ynam bildirdi.

Döwlet Baştutany Hasan Ruhanä berk jan saglyk, dostlukly eýran halkynyň rowaçlygyna we gülläp ösmegine gönükdirilen işlerinde hem-de başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň