Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy

23:3821.05.2017
0
6736

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy — diýlip türkmen döwlet habarlar Agentliginde aýdylýar.

Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň çägindäki Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji orta mekdepde ýerleşýän 48-nji saýlaw uçastogynda bolup, döwlet Baştutany özüniň raýatlyk borjuny ýerine ýetirmek üçin,  ilkinjileriň hatarynda ses bermek çäresine gatnaşdy.

Saýlawlaryň giň bäsdeşligi we aýdyňlygy oňa halk ynamyna mynasyp bolan birnäçe dalaşgäriň gatnaşmagyny kepillendirýär. Saýlaw işleriniň açyklygy we aýdyňlygy oňa milli synçylaryň gatnaşmagyny şertlendirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň