Soňky habarlar

Arhiw

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 51 million dollaryna golaý boldy

23:5320.05.2017
0
3584

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Täjigistandan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Şeýle hem Owganystanyň täjirleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da daşary ýurt puluna nah mata hem ýüplük, buýan köki hem şiresi, ýod dermanlyk serişdeleri, dokma önümçiliginiň galyndylary ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Bolgariýa, BAE, Türkiýe, Ukraina we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 51 million dollaryna golaý boldy.

Manat serişdelerine Hytaýdan, Beýik Britaniýadan we Pakistandan  gelen işewürler jemi bahasy 225 müň manatlyga golaý bolan nah ýüplügi, hasa toplumlaryny, saryja goýnuň ýüňüni satyn aldylar.

Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler jemi 756 müň  manatlyk azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň