Türkmenistanyň AFK Kubogy ugrunda görkezen statistikasy

0
171
Türkmenistanyň AFK Kubogy ugrunda görkezen statistikasy

Türkmenistanyň Aziýanyň Futbol Konfederasiýasyndaky kubogy ugrundaky ýaryşlarda görkezen netijeleri sanlarda we maglumatlarda:

  • Türkmenistanyň futbol toparlary şu wagta çenli AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşda 61 duşuşyk geçirdiler, meýilnamada görkezilen 1 duşuşyk bolsa  geçirilmedi.

Türkmenistanyň futbol toparlary häzire çenli:

  • 15 duşuşykda ýeňiş gazandylar;
  • 31 duşuşykda ýeňildiler;
  • 15 duşuşyk deňlikde tamamlandy.

 

Türkmenistanyň futbol toparlary häzire çenli:

  • Garşydaş derwezelere 70 pökgi geçirdiler;
  • Öz derwezesine 105 pökgi goýbertdiler.

 

Türkmenistanyň futbol toparlary häzire çenli:

  • Liwanyň toparlary bilen 11;
  • Iordaniýanyň toparlary bilen 10;
  • Gyrgyz Respublikasynyň toparlary bilen 7;
  • Bangladeşiň toparlary bilen 6;
  • Omanyň toparlary bilen 5;
  • Ýemeniň toparlary bilen 4;
  • Hindistanyň toparlary bilen 4;
  • Bahreýniň toparlary bilen 4;
  • Siriýanyň toparlary bilen 3;
  • Täjigistanyň toparlary bilen 3;
  • Kuweýtiň toparlary bilen 2;
  • Yragyň toparlary bilen 2 gezek duşuşdy.

 

Şu wagta çenli AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşa Türkmenistandan 6 topar gatnaşdy. Olardan:

  • «Balkan» («Nebitçi») 5 gezek;
  • «Altyn asyr» 3 gezek;
  • «Nisa» 2 gezek;
  • HTTU («Ýedigen») 2 gezek;
  • «Merw» bir gezek;
  • «Ahal» bir gezek gatnaşdy.

 

Bellik: sanaw doly däl. 2006-njy ýyldaky ýaryşlarda we 2005-nji ýylda «Nebitçi» («Balkan») — «Al-Faisaly» (3:3) duşuşygynda tapawutlanan futbolçylaryň atlaryny anyklamak başartmady.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň