Aşgabatda şanly sene mynasybetli baýramçylyk konserti boldy

0
219
Aşgabatda şanly sene mynasybetli baýramçylyk konserti boldy

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen sungat ussatlarynyň konserti Esasy Kanunyň kabul edilen gününiň we beýik şahyr, akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň hormatyna bagyşlanan ählihalk baýramynda ýaýbaňlandyrylýan giň möçberli çäreleriň birine öwrüldi.

Türkmen milli konserwatoriýasynyň horunyň, simfoniki orkestriň we meşhur aýdymçylaryň gatnaşmagynda ýerine ýetirilen “Bitewülik ruhy” atly edebi-sazly çykyşda türkmen halkynyň baý ruhy mirasynyň ähmiýeti öz beýanyny tapdy. Söz sungatyny, aýdymy we sazy özünde birleşdiren bu eser çärä özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän parahatçylyk, ynsanperwerlik we döredijilik syýasaty netijesinde oňyn ösüşler ýolunda gazanylýan üstünlikleri, giň möçberli özgertmeleri wasp edýän “Goý, güllesin, baky dursun, Arkadagly Diýarym!” atly aýdym ýaňlandy. Onuň dowamynda “Dokmaçylar” folklor toparynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Milletiň Lideriniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň berk ruhy esaslary we demokratik gymmatlyklary bolan özygtyýarly döwlet hökmünde dünýädäki abraýynyň belende galmagyna gönükdirilen yzygiderli işlerini beýan edýän wideogörnüşler bu ýerde guralan çykyşlar bilen utgaşdy.

Konsert maksatnamasyna beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň sözlerine aýdymlar, sazly hem-de horeografik çykyşlar girizildi. Olarda öz döredijiliginde umumadamzat ýörelgelerini we gymmatlyklaryny wasp eden beýik söz ussadynyň döreden eserlerindäki keşpler öz beýanyny tapdy.

Häzirki zaman türkmen edebiýatynyň belli wekilleriniň, estradaçylarynyň we skripkaçylarynyň “Şahyr ýüregi” atly bilelikdäki çykyşy Watanymyzyň beýik ogluna bolan ählihalk söýgüsini we buýsanjyny alamatlandyrdy. Magtymgulynyň ynsanperwer ýörelgeleri bilen adamzadyň ruhy medeniýetine giren eserleri asyrlar aşsa-da, adamlarda ruhy, ahlak we medeni häsiýetleri kemala getirmek ýaly beýik borjy ýerine ýetirýär.

Halk aýdym-sazlaryndan düzülen çykyşlar dabara gatnaşyjylarda ägirt uly ýakymly täsirler galdyrdy. Tomaşaçylar türkmen şahyrlarynyň döredijiliginde giňden wasp edilen ajaýyp gözellige bagyşlanan estrada aýdymlaryna hoşallygyň nyşany hökmünde şowhunly el çarpyşmalary sowgat etdiler. “Mukam” skripkaçylar topary “Magtymguly hakynda oýlanma” atly özboluşly sazly çykyşy ýerine ýetirdi.

Türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän özboluşly däp-dessurlaryny beýan edýän çykyşlar milli äheňler bilen tapawutlandy. Döwlet tans toparynyň, belli “Näzli”, “Meňli”, “Galkynyş”, “Laçyn”, “Miras”, “Serpaý” toparlarynyň, artistleriň çykyşlary bilen utgaşdyrylan özboluşly tomaşa has-da özüne çekiji we täsirli boldy.

Baýramçylyk konsert maksatnamasynyň köpugurly öwüşginlere baý bolandygyny bellemeli. Meşhur ýerine ýetirijiler, şöhratly toparlar bilen bilelikde bu ýerde ýaş döredijilik zehinleriniň, şol sanda “Güneş” çagalar hor toparynyň çykyşlary utgaşdyryldy.

Asylly däbe görä, konsertiň ahyrynda “Küştdepdi” ýerine ýetirildi. Milli medeni mirasyň möhüm bölegi bolan bu gadymy dessur tansynyň häzirki döwürde baý many-mazmun bilen üsti ýetirilýär. Balkan welaýatynyň “Dehistan” folklor topary bilen ýurdumyzyň bäş welaýatynyň folklor-etnografiýa toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren küştdepdili çykyşlary, gazallary ýerine ýetirmegiň özboluşlylygy has-da täsirli boldy.

Ýokary döredijilik ruhuny wasp edýän “Öňe barýarys Arkadag bilen” atly watançylyk aýdymyň ýerine ýetirilmegi bilen konsertiň jemi jemlendi. Onda häzirki döwürde şöhratly pederlerimiziň parahatçylyk, abadançylyk, halkyň agzybirligi, erkin we gülläp ösýän Watan baradaky arzuwlarynyň amala aşandygy beýan edilýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň